Ï Uly durmuşyň bosagasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uly durmuşyň bosagasynda

view-icon 548
Aşgabatda iň gowy mekdep gyzlar kluby diýen ady lamak ugrunda ilkinji bäsleşigi geçriledi. Şährelriň, welaýatlaryň etraplarynyň we Aşgabat şäheriniň etraplarynyň üçüsiniň klublaryndan gelen wekillerň, bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynyň ýeňijileri bolan ýokary synp okuwçylarynyň18-si ilki bilen öz klublary bilen tabyşdyrdylar: klubyň ady, çagyryşy. nyşany bilen tanyşdyrdylar, uly bolmadyk wideorolik görkezdiler, özleriniň guramaçylyk başarnyklaryny görkezdiler. Soňra gyzlar bäsleşiň dowamynda özleriniň döredijilik mümkinçiliklerini, däp-dessurlary, halk döredijiligini bilişlerini, şeýle hem etiketikany we psihologiýa boýunça bilimlerini görkezdiler.

Bäsleşigiň ähli ugurlary boýunça toplanan utuk boýunça gyzlaryň iň gowy kluby diýlip, Balkanabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň „Meňli“ kluby ýeňiji diýlip yglan edildi.

Şeýle hem emin agzalary iki sany ikinji orny we üç sany hem üçünji orny ýehiji diýip yglan edtdiler. Ikinji orny Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebi we Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 32-nji orta mekdebi paýlaşdylar. Üçünji orna mynasyp bolan klublaryň biri hem Aşgabat şäheriniň 27-nji orta mekdebiniň klubydyr.

Ýurduň zenanlar guramasynyň goldaw bermeginde döredilen gyzlar kluby gyzlara tikin tikmegi we gaýma çekmegi, milli naharlary taýýarlamagy, sagdyn durmuş ýörelegeleriniň esasyny bilýän, döredijilik taýdan ösen gyzlar bolup ýetişmek ýaly ugurlar boýunça işleýär. Bu klublar mekdepde okaýan gyzlaryň iň bir söýgüli ýerlerine öwrüldi. Bu ýerde olar özlerini gyzyklandyrýan zatlaryny we dostlaryny tapyp bilýärler, myhmany nähili garşylamakdan başlap, öý ösümliklerini ösdürip ýetişdirmegi, interýerleri bezemege çenli täze we peýdalay zatlary bilip bilýärler.

Sebitiň belli zenanlary, köp çagaly eneler, mugallymlar, luklmanlar we beýlekiler klubyň ýakyn kömekçileridir.