Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň netijelerini jemledi.
Mejlisde saýlawçylaryň ýokary işjeňligi ýagdaýynda geçen ähli saýlaw uçastoklarynda saýlawlar geçirildi diýlip hasap edildi.
Ähli saýlaw okruglary boýunça bir orna iki we ondan hem köp dalaşgärler bäsleşdiler, saýlawçylaryň ýarysyndan köpräk sesini alan dalaşgär saýlanyldy hasaplanyldy.
Halkyň wekilleriniň täze saýlananlarynyň bilim we hünär derejesi ýokarydyr. Olaryň köpüsi milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, hökümet we dolandyryş edaralarynda işleýän ýokary derejeli hünärmenlerdir, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleridir.
Ähli salýaw uçastoklarynda saýlawlaryň hemme tapgyrlarynda gözegçiligi amala aşyran milli synçylaryň işine-de ýokary baha berildi. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutularynyň açylyşyna gatnaşdylar. Saýlawlaryň başlanmagynyň öňüsyrasynda saýlaw uçastoklarynda bolup, onuň barşynda sesleriň sanalyşyna, şeýle hem okrug boýunça saýlawlaryň netijeleriniň kesgitlenilişine we umumy netijeleriň jemlenilişine syn etdiler.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde welaýat saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň netijeleri barada beren hasabatlary ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, saýlanan täze agzalaryň sanawy ýakyn wagtda ýerli metbugatda çap ediler.
Mundan başga-da, Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde çykyp giden parlamentarileriň ýerine Milli parlament deputatlary saýlamak boýunça saýlaw möwsüminiň başlanandygy barada hem habar berildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, saýlawlary 2-nji iýunda geçirmek bellenildi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm Aşgabat şäheriniň 7-nji, Ahal welaýatynyň 25-nji, Lebap welaýatynyň 83-nji we 89-njy, Mary welaýatynyň 103-nji saýlaw okruglary boýunça geçiriler.
Saýlawlara taýýarlygy we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşyp we tassyklap, Merkezi saýlaw topary ses bermegiň wagtyny kesgitledi: şol gün uçastok saýlaw toparlary sagat 7-den 19-a çenli işlär. Dalaşgärlige hödürlemek 18-nji aprelde başlanar.
Mejlisiň barşynda çykyp gidenleriň ýerine Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça zerur bolan resminamalaryň nusgalary, saýlaw býulletenleri we beýlekiler tassyklanyldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, şol sanda halkyň döwlet gurluşyna we düýpli özgertmelere gatnaşmagyny hem nazarlamak bilen galkyndyrmak boýunça türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuşa geçirýän möhüm çäreleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bzerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna ýetmegiň netijeliligini şertlendirýär. Ol bolsa döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar.