Ï Bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli güýç-kuwwaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli güýç-kuwwaty

view-icon 591
Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebap görnüşdäki nusgalyk şäherçeleri gurmak boýunça maksatnamasyna badalga berildi

Şu gün bu ýerde, Ak bugdaý etrabynda täze döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara boldy. Bu şäherçe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň beýanyna öwrülmelidir, ýurdumyzyň halkynyň, her bir maşgalanyň we her bir raýatyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatda ileri tutulýan esasy ugur bolup durýar.

Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň derejesiniň we hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzda – şäherlerde, oba ýerlerinde durmuş-ykdysady taýdan ösen düzümiň döredilmegine gönükdirilen uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, 12-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginde milli ykdysadyýeti ösdürmegiň netijelerine we ýakyn geljekdäki wezipelere bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi, şolara laýyklykda ýurdumyzyň her bir welaýatynda – Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ähli ölçegler boýunça täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze, döwrebap şäherçe gurlar. Şol resminamalarda gurluşyk işlerine şu ýylyň aprelinde girişmek we şol işleri 2016-njy ýylyň iýunynda dolulygyna tamamlamak görkezildi. Welaýatlarda guruljak täze şäherçeleriň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň barşyny utgaşdyrmak we gözegçilik etmek welaýatlaryň häkimliklerine tabşyryldy.

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bu möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi, şol taslamalar milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli ýöredilýän oňyn, täzeçillik syýasatynyň durmuşa gönükdirilendigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnamadyr.

Gäwers geňeşliginiň çäginde guruljak täze, häzirki zaman şäherçesiniň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara Ahal welaýatynyň we Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ata Watanymyzyň rowaçlygy, türkmenistanlylaryň abadan, bagtyýar durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin oňaýly şertleriň dörelilmegi barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda toplumlaýyn özgertmeler we maksatnamalar amala aşyrylýar we ýurdumyzda maksada okgunly işler batly depgin bilen alnyp barylýar. Şäherleriň we obalaryň keşpleriniň barha täzelenmegi, ähli welaýatlarda durmuş-medeni, senagaty, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly köp sanly desgalaryň gurulmagy we bularyň gurluşygynyň alnyp barylmagy şol işleriň aýdyň netijesine öwrüldi. Ata Watanymyzyň has çetki künjekleriniň hem keşbi barha özgerýär.

Döwrebap görnüşdäki täze ilatly ýerleriň gurulmagy täze taryhy eýýama -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus alamatlaryň biri bolup durýar, munuň özi welaýatlaryň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmegi, olaryň dürli ugurly baý mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Şunda obanyň özgerdilmegine degişli meselelere aýratyn üns berilýär, munuň özi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meselä elmydama içgin üns berýär.

2012-nji ýylyň oktýabrynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda çykyş edengde obalaryň dolandyryş-çäk ulgamynyň ösdürilmegine, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna we şäher görnüşindäki täze şäherçeleriň gurulmagyna degişli meseleleri orta atdy hem-de synag hökmünde her bir welaýatda türkmen obasynyň täze nusgasyny gurmak üçin bir etraby kesgitlemegi teklip etdi. Şol çäreler oba adamlarynyň ýaşaýşynyň hil taýdan täze ülňüleriniň döredilmegine we berkarar edilmegine, häzirki döwürdäki ýagdaýlary we geljekki döwri göz öňünde tutmak arkaly obany ösdürmegiň ykdysady we maýa goýumlar bilen bagly mehanizmleriniň kämilleşdirilmegine ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda degişli düzümli täze şäherçeleriň gurulmagy oba hojalyk önümçiligini höweslendirmek. täze iş orunlaryny döretmek, ýerlerde we öri meýdanlarynda işleýänleriň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlanldyrmak ýaly ileri tutulýan wezipeleriň berjaý edilmegine ýardam berer. Öz gezeginde şol wezipeler milli ykdysadyýetiň möhüm ähmiýetli we örän uly mümkinçiliklere eýe bolan oba senagat toplumyny ösdürmegiň, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň meseleleri bilen içgin we gös-göni baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça türkmen obasyny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädim ädildi, şol strategiýa degişli meseleleriň ählisiniň çözülmegi innowasion, toplumlaýyn çemeleşilmegine esaslanýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli, uzakmöhletleýin we orta möhletleýin maksatnamalar öňde goýlan maksatlara ýetilmegine gönükdirilendir. Şol maksatnamalaryň hatarynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy", "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy" we “Türkmenistanyň Prehzidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy” bar.

Häzirki wagtda täze taryhy eýýamdaky belent we döredijilikli ýörelgelere eýerýän türkmen halky dogduk Diýarymyzyň ähli künjeklerinde barha giň gerime eýe bolan we batly depgin bilen alnyp barylýan bu örän uly möçberli işleriň miwelerine buýsanmaga haklydyr. Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň günorta-günbatarsyndaky Esenguly şäherçesi bu işlere özboluşly badalga berlen ýere öwrüldi. 2007-nji ýylyň martynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alan düýpli özgertmelere badalga berildi. Geçen ýyllarda ýurdumyzda köp işler bitirildi. Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda tarp ýerlerde düýbi tutulan Ruhubelent, Döwletli we Altyn sähra etraplarynyň dolandyryş merkezleri döwrebap, täze ilatly ýerleriň ajaýyp nusgalaryna öwrüldi. Lebap welaýatynda şäher görnüşindäki Garlyk şäherçesiniň düýbi tutuldy.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbiniň düýpgöter täzelenendigini hem bellemek ýerliklidir. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we ozal görlüp-eşidilmedik özgertmeleriň depginini artdyryp, täze uly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň hasabyna öz çäklerini ýylsaýyn giňeldýär. Hazaryň türkmen kenar ýakasyndaky ajaýyp şypahana -- "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hem barha ösüp, düýpli özgertmeleriň aýdyň nyşanyna we häzirki döwürde Türkmenistanyň ajaýyp künjegine öwrüldi.

Obany özgertmegiň meselesine dolanyp gelmek bilen, Garaşsyz, Bitarap ata Watanymyzyň durmuşyndaky her bir ýylyň möhüm ähmiýetli binalaryň we desgalaryň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralara beslenýändigini aýtman geçmek bolmaz, bular şu ugurda döwlet syýasaytynyň yzygiderli we üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Berkarar obasynda we Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze binalaryň toplumlary gurlup ulanmaga berildi, şolar bu ilatly ýerleriň keşbini düýpgöter özgertdi. Mary welaýatynyň Bagtyýarlyk şäherçesinde (Baýramaly etraby), Balkan welaýatynyň – Belek şäherçesinde (Türkmenbaşy etraby) şonuň ýaly uly möçberli özgertmeler durmuşa geçirildi.

2012-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginiň çäginde täze obanyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara boldy. Ýakynda, şu ýylyň martynda bolsa, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, şoňa laýyklykda Ahal welaýatynda ýene bir täze oba bina ediler, bu oba Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz geňeşliginiň çäginde gurlar.

Şu gün bolsa, Ak bugdaý etrabynda, Gäwers geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak boýunça işlere badalga berildi. Ýakyn ýyllaryň dowamynda bu ýerde ähli oňaýlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 400-sini, umumybilim berýän we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdebi, çagalar bagyny, Saglyk öýüni we Medeniýet öýüni, aragatnaşyk bölüminiň binasyny, bazarly söwda merkezini, dükanlary, şol sanda dolandyryş, önümçilik we durmuş-medeni maksatly başga-da birnäçe binalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ýerde ähli inžener-tehniki düzüm gurlar.

Bir söz bilen aýdanyňda, täze obada adamlaryň oňaýly ýaşaýşy we abadan durmuşy üçin ähli şertler dörediler, şunda bilim, saglygy goraýyş, iş bilen üpjünçilik, medeniýetli dynç alyş, aragatnaşygyň döwrebap görnüşleriniň elýeterliligi ýaly wajyp jähetler göz öňünde tutular. Ýeri gelende, häzirki wagtda milli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda, hatda çetki obalarda-da Internetiň we sanly tehnologiýalaryň elýeterli bolandygyny aýtmak gerek. Oba ýerini toplumlaýyn abadanlaşdyrmak üçin ep-esli möçberdäki maýa goýumlaryny gönükdirmek arkaly döwlet tarapyndan ähli döwrebap eşretleriň oba adamlaryna elýeterli bolmagy üçin ähli işler edilýär, munuň özi obanyň ýaşlar üçin hem özüne çekiji bolmagyna getirýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda oba ýerinde ýaşamak isleýän ýaş maşgalalaryň sany az däldir.

Dabaranyň ahyrynda ýygnananlar bu ýeriň bagy-bossanlyga öwrülmegine bagyşlanan çärä gatnaşyp, ýaş agaç nahallaryny oturtdylar, şol agaç nahallary täze şäherçe bilen bilelikde ösüp ulalar we geljekde onuň gelşigini artdyrar.

Ýeri gelende aýtsak, ýakyn wagtda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň ählisinde täze, döwrebap şäherçeleriň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaralar bolar.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ykbalçözüji we düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolundaky anyk ädimlerdir, şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa, ata Watanymyzy öňdebaryjy we rowaçlanýan döwlete öwürmekden hem-de ýurdumyzda ähli raýatlaryň durmuşy we zähmeti, halkymyzyň döredijilikli mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy üçin oňaýly şertleriň bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.