Şu gün paýtagtymyzyň “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň ugrunda ýöriteleşdirilen “Bedew” atly dükanyň açylmagy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň hatarynda mynasyp orun eýeledi.
Ilkinji çapuw esbaplary dükanynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň atçylyk ulgamynyň esasy hünärmenleri, medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu wakanyň baýramçylyk dabarasyny has-da artdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň atçylygynyň döwlet hem-de hususy bölegini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ýörite at esbaplaryny, olara ideg etmekde ulanylýan zatlary, çapyksuwarlar üçin lybaslary hem-de pudak üçin zerur bolan beýleki harytlary ýerlemek bilen meşgullanýan kärhanalary döretmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
Dükanyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp çapyksuwar we ganatly bedewlere uly sapra goýýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen atçylyk sungaty we at çapmagyň milli däpleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda ýurdumyzda atçylyk sportuny höweslendirmek meselelerine aýratyn üns berilýär, şu maksatlar bilen paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary guruldy, çapyksuwarlaryň we tälimçi – seýisleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň halkara ýaryşlaryna hem-de pudaklaýyn sergilere gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça maksada laýyk çäreler görülýär. Häzirki wagtda biziň ajaýyp ahalteke bedewlerimiz dünýädäki iň gowy atlaryň şan-şöhratyny mynasyp dowam etdirip, hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak tebigy gözelligi alamatlandyrýarlar.
Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen şäherinde geçirilen “Eguitana 2013” atly Bütindünýä atçylyk sportunyň ýarmarkasyna, Belgiýada geçirilen “Flanders Horse Expo-2013” Halkara sergisine, Germaniýanyň Kýoln şäherinde geçirilen “Spoga horse” atly Halkara serigsine we beýleki çärelere gatnaşmagy hem türkmen atçylygynyň milli mekdebiniň haýran galdyryjy üstünlikleriniň bütin dünýä tarapyndan ykrar edilýändiginiň, şeýle hem bu ulgamda toplanan tejribä ägirt uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Halkara atçylyk assosiasiýasy tarapyndan neşir edilýän “Ganatly ahalteke bedewleri” atly ýöriteleşdirilen we suratlar bilen bezelen žurnal, şeýle hem Internet ulgamynda açylan Türkmpen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) adybir habarlar web-saýty ýurdumyzyň atçylyk sungatyny bütin dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam etmelidir. Täze web-saýt eýýäm dünýäniň ýetmişden gowrak ýurdundan türkmen bedewleriniň gözelligine haýran galan okyýjylaryň ünsüni özüne çekdi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan açylan “Bedew” dükany hem ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge we wagyz etmäge, oňa ýaşlary çekmäge ýardam eder.
Dükanyň milli äheňde bezelen zallarynda alyjylara – atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenlere we meşhur ganatly bedewleriň köp sanly muşdaklaryna at esbaplaryndan we çapyksuwarlar üçin ýörite lybaslardan başlap, sport enjamlaryna hem-de ajaýyp bedewlere ideg etmek üçin niýetlenen ýörite esbaplara çenli köp dürli ýokary hilli harytlar hödürenilýär. Olaryň arasynda meşhur at esbaplaryny öndüriji kompaniýalar bolan “Status” (Germaniýa) we “Prestige” (Italiýa) kompaniýalarynyň dürli at ýaryşlary – konkur, uzak we gysga aralyga at çapmak üçin niýetlenen esbaplar, nallar, üzeňňiler we bedewler üçin zerur bolan beýleki zatlar bar.
Şeýle hem dükanda bedewleriň ajaýyp bezegleri – türkmen zergärleriniň kümüşden ýasan täsin önümleri hödürlenilýär. Zergärler öz sungaty bilen biziň halkymyzyň wepaly dosty we ýoldaşy bolan ahalteke bedewlerine çuňňur sarpasyny hem-de mähirli garaýşyny beýan edýärler.
Dükanyň kitaplar bölüminiň tekjelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly ajaýyp kitaplary, şeýle hem “Ganatly ahalteke bedewleri” atly ýöriteleşdirilen žurnalyň sanlary, çeper eserler hem-de meşhur ahalteke bedewleriniň ajaýyp wekilleri, Türkmenistanda atçylygy ösdürmegiň geljek barada gürrüň berýän gyzykly makalalar ýerleşdirilipdir.
Suratkeşleriň döreden täsin suratlary hem-de surat pannosy türkmen tebigatynyň gözel ýerlerinde şekillendirilen “behişdi bedewleriň” syratlylygyny we gözelligini beýan edýär. Şol özboluşly eserlerde hem türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biri bolan bedewlere goýulýan hormat – sarpa ussatlyk bilen şekillendirilipdir.
Dabara gatnaşyjylar atçylyk pudagyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw we uly üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşalyk bildirdiler.