Ï Watanymyzyň sebitlerinde täze, döwrebap şäherçeleriň düýbi tutuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň sebitlerinde täze, döwrebap şäherçeleriň düýbi tutuldy

view-icon 854
Şu gün Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän we oňyn täzeçillk syýasatynyň durmuş ulgamyna gönükdirilendigini alamatlandyrýan täze, döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda—Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak baradaky Kararlara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän täze şäherçeler häzirki döwrüň ösen talaplary esasynda gurlar. Şeýlelikde, olaryň gurluşygyna şu ýylyň aprel aýynda başlap, şäherçeleri 2016-njy ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenildi. Täze şäherçeleriň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, olardaky ugurdaş desgalaryň gurluşygyna gözegçilik etmek welaýatlaryň häkimliklerine tabşyryldy.

Täze şäherçeleriň düýbüni tutmak mynasybetli guralan dabaralara welaýatlaryň we etraplaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda ösen durmuş-ykdysady düzümiň kemala gelmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyran bu wakanyň ähmiýetini bellediler.

Welaýatlarda geçirilen dabaralar özboluşly milli öwüşgine beslenen baýramçylyk görnüşinde boldy. Olarda özleriniň belent owazly aýdymlary bilen täze eýýamyň dörediji kuwwatyny wasp eden sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem täze şäherçeleriň düýbüni tutmak dabarasynda ýörite taýýarlanan meýdançada bag nahallary oturdyldy. Olar şäherçede guruljak binalar bilen boý alyp, bagtyýar döwrümiziň ajaýyplyklarynyň şaýady bolarlar.

Balkan welaýaty. Şu gün Bereket etrabynda “Gulmaç” geňeşliginiň çäginde täze türkmen obasynyň nusgasyna öwrüljek döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Özboluşly binagärlik taslamalary we gurluşygyň ýokary hili şu gün Bereketde düýbi tutulan täze obany gurmagyň tapawutly aýratynlygy bolar. Bu etrap Balkan welaýatynyň ykrar edilen möhüm oba hojalyk merkezi hasaplanýar. Etrabyň kuwwaty pagta öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, şol sanda tarp ýerleri özleşdirmegiň hasabyna artdyrmak we maldarçylyk önümlerini köpeltmek bilen baglydyr. Öri meýdanlaryň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça anyk çäreler bellenildi we yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde, hususan-da, kuwwaty bir ýylda 8 million ýumurtga deň bolan guşçulyk toplumy bina ediler.

Şunuň bilen bir hatarda, etrapda senagat düzümini ösdürmek babatda uly ädimler ädilýär. Gysga möhletde bu ýerde müňlerçe täze iş orunlaryny üpjün eden döwrebap kärhanalar guruldy. Mysal üçin, köp sanly ýaşaýyş-durmuş desgalaryndan başga-da, bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda tikinçilik fabrigi açyldy. Onda nah matadan ýorgan-düşek daşlyklary tikilýär. Kärhananyň bölümleri Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Belgiýäniň, Italiýanyň, Türkiýäniň dünýä belli kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi.

Mundan başga-da, etrap merkezinde—Bereket şäherinde çeper halyçylyk kärhanasy gurlup ulanmaga berildi. Onuň ýyllyk kuwwaty elde dokalan haly we haly önümleriniň iki müň inedördül metrine deňdir. Häzirki zaman tehnikasynyň köp sanlysyna eýe bolan awtoulag kärhanasy guruldy. Balkan welaýatynyň köp sanly täze gurluşyklarynda zerur bolan önümler—çagyl, daş owuntyklary “Bereket karýer müdirligi” magdan däl gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanada çykarylýar.

Bereket demir ýol menziliniň gurluşygy alnyp barylýan Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň esasy ulag geçelgeleriniň biriniň wezipesini ýerine ýetirjekdigini aýratyn bellemek gerek. Ol Ýewropa ýurtlaryndan Pars aýlagynyň portlaryna, Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogara gysga we amatly ugur bolar. Täze demir ýol lokomotiw deposy şäheriň iri kärhanasyna öwrülip, bu ýerde demir ýol wagonlaryny abatlamak we tehniki taýdan hyzmat etmek işleri geçiriler.

Ugrunda inženerçilik desgalarynyň, demir ýol wokzallarynyň, stansiýalarynyň onlarçasy guruljak Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýoly ýurdumyzyň, aýratyn-da Balkan welaýatynyň ykdysadyýeti üçin örän möhümdir. Sebäbi ol Türkmenbaşy, Bereket we Esenguly etraplarynyň çäginden geçer. Şol ýerlerde uglewodorod çig malynyň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň iri ýataklary ýerleşýär.

Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan, türkmenistanlylaryň abadançylygyny artdyrmak üçin ähli şertleri döretjek, olaryň durmuşyna täze öwüşgin çaýjak, gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk gurluşyk işleri netijesinde ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň şäherleri we obalary tanalmaz derejede özgerdi. Soňky birnäçe ýylyň içinde Esenguly we Belek şäherçelerinde, Serdar, Bereket we Magtymguly etraplarynyň merkezlerinde täze durmuş-ykdysady desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp medeniýet köşkleri, ýokary derejede üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, täze ATS-ler, awtomobil ýollary, gök öwüsýän seýilgähler – bularyň açylyp ulanmaga berilmegi indi türkmenistanlylar üçin asylly däbe öwrüldi. Maşgalalaryň ýüzlerçesi, ösüp gelýän nesil bu döwrebap desgalaryň eşretlerinden peýdalanýarlar, öz abadan we bagtly durmuşlaryna guwanýarlar, şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýandyklaryna buýsanýarlar.

* * *

Daşoguz welaýaty. Şu gün Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Ol “Täze ýol” geňeşliginiň çäginde, Köneürgenç şäheriniň demirgazyk-gündogarynda gurlar. Şäherçäniň ýaşaýyş jaý gaznasyny dürli görnüşdäki ýokary amatlykly jaýlaryň ýüzlerçesi düzer. Olarda ýaşajaklar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutular. Durmuş we medeni maksatly desgalaryň hataryna 420 okuwçy orunlyk umumybilim berýän häzirki zaman mekdebi we 160 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi we Medeniýet öýi, aragatnaşyk bölüminiň binasy, bazarly söwda merkezi, dükanlar girer.

Täze şäherçede durmuş üpjünçiliginiň beýleki zerur bolan düzümleri, şol sanda çörek bişirýän kärhana, ýyladyş hojalygy, önümçilik we dolandyryş maksatly desgalar gurlar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar netijesinde Daşoguz welaýatynda häzirki zaman obalaryny gurmakda ýeterlik tejribe toplandy. Olaryň hataryna ýurdumyzyň tarp ýerlerinde gurlan Ruhubelent şäherçesini, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde gurulýan ösen ulgamly täze obany görkezmek bolar.

Çäginde şu gün döwrebap şäherçesiniň düýbi tutulan Köneürgenç etraby barada aýdylanda bolsa, bu ýerde soňky ýyllarda birnäçe häzirki zaman mekdepleri we çagalar baglary, 1,5 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumy ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bolsa bir ýylda pagta ýüplüginiň 6 müň tonnasyny öndürýän kuwwatly pagta egriji fabriginiň binalarynyň, kuwwaty bir ýylda 40 müň tonna barabar bolan pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň, 10 müň tonna pagta saklamak üçin niýetlenen pagta kabul ediji bölümiň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

* * *

Lebap welaýaty. Şu gün Birata etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmagyň baýramçylyk çäresi boldy. Ol 340 gektar meýdany eýeleýär. Täze şäherçe Türkmenabat-Gazojak demir ýolunyň we esasy ulag ýolunyň golaýynda peýda bolar.

Täze şäherçede ýaşaýyş jaýlarynyň 813-sini – 3 we 4 otagly bir gatly, iki maşgala niýetlenen 6 we 7 otagly iki gatly kottežleri hem-de 4 gatly köp öýli jaýlary we ýaşaýyş-durmuş düzüminiň we önümçilik ulgamynyň häzirki zaman desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu ýerde geňeşligiň binasy, 640 okuwçy orunlyk umumybilim berýän mekdep, her biri 240 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi, sport desgalary, 500 orunlyk tomaşaçy zaly bolan Medeniýet köşgi, Saglyk merkezi, sanly ATS, bazarly söwda toplumy, durmuş hyzmatlary öýi, dükanlar, awtoulag ussahanasy, metjit, awtoulaglara ýangyç guýujy beket we beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar gurlar. Şäherçede inženerçilik düzümleri—umumy uzynlygy 20 kilometre golaý awtoulag ýollary, şäherçä eltýän ulag ýoly, elektrik geçiriji ulgam, suw, gaz geçirijiler, lagym ulgamlary çekiler. Kuwwatly suw arassalaýjy desgalar gurlar, ýerasty süýji suwlaryň üç sany guýusy gurlar. Gök öwüsýän seýilgähler täze şäherçä bezeg berer. Mahlasy, täze şäherçede adamlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertler dörediler.

Mundan başga-da, täze şäherçede iş orunlarynyň ýüzlerçesini döretmek, ozaly bilen obasenagat pudagyny we telekeçiligi ösdürmek arkaly döretmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, kuwwaty bir ýylda 5 million bişen kerpije barabar bolan zawod, alkogolsyz içgileriň bir ýylda 300 müň dekalitrini öndürýän kärhana, çörek, süýji-köke, unaş, et-süýt önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikler, ýyladyşhana, kuwwaty bir ýylda 505 tonna süýde barabar bolan gaýtadan işleýän, süýt önümlerini öndürýän kärhana, maldarçylyk we guşçulyk fermalary we beýleki önümçilik desgalary bina ediler. Umuman, täze döwrebap şäherçäniň ýaşaýjylarynyň döredijilikli zähmet çekmegi, öz zähmetleriniň miwesine guwanyp işlemegi üçin ähli şertler dörediler.

* * *

Mary welaýaty. Şu gün Mary etrabynyň “Jemgyýet” geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu şäherçede ýakyn ýyllarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi peýda bolar.

Onuň ýaşaýjylary üçin ösen durmuş ulgamy göz öňünde tutuldy. Sebäbi şäherçäniň taslamasy şähergurluşyk tejribesiniň ýokary talaplaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlandy. Bu ýerde adamlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli zatlary, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän mekdebi, çagalar bagyny, Saglyk öýüni, Medeniýet öýüni, söwda ulgamyny, bazary, dürli görnüşli häzirki zaman aragatnaşyk we beýleki desgalary, şol sanda dolandyryş, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary öz içine alýan tutuş binagärlik toplumy peýda bolar. Eletde, bu ýerde şeýle hem zerur bolan inžener-tehniki ulgam gurlar.

Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem türkmen obasyny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen, ilatly ýerleri toplumlaýyn gurmak boýunça umumy döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň uly tejribesi toplandy. Mälim bolşy ýaly, bu maksatnamalaryň çäklerinde Altyn sähra etrabynyň dolandyryş merkezi-- Parahat şäherçesi täze nusgadaky ilatly ýerleriň birinjisi boldy. Onda şähergurluşyk ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny öz içine alýan, ýaşamak üçin amatly bolan düzüm döredildi. Bu etrapda şeýle hem häzirki zaman durmuş düzümini döretmek bilen bir hatarda, “Garaşsyzlyk” geňeşligini gurmak we abadanlaşdyrmak işleri çalt depginler bilen alnyp barylýar. Desgalary gurmak işine gurluşyk we gurnama kärhanalary, şol sanda hususy gurluşyk firmalary we hojalyk jemgyýetleri gatnaşýarlar.

Baýramaly etrabynda Bagtyýarlyk şäherçesiniň durkuny täzelemek işleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Onuň ýaşaýyş, medeni-durmuş, dolandyryş we önümçilik maksatly desgalarynyň binagärlik toplumy geçen ýyl umumymilli baýramçylygyň—Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ynha, indi Mary-Türkmenabat ýokary tizlikli ulag ýoly tarapyndan özboluşly binagärlik desgalary bilen gözüňi dokundyrýan, bagy-bossanlyga beslenen bu ilatly ýeriň ajaýyp görnüşi açylýar.

Ine, bu gün bolsa türkmen halkynyň Arkadagynyň erk-islegi bilen “Jemgyýet” geňeşliginiň nobaty gelip ýetdi. Bu ýerde ýakyn wagtda täze, döwrebap şäherçe peýda bolar. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynda öz beýanyny tapýan özgertmeler syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň nobatdaky mysaly bolup durýar.