Ï Wepadarlyk we yhlaslylyk dunastiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wepadarlyk we yhlaslylyk dunastiýasy

view-icon 655
Ahalteke bedewi – seçgiçilik işleriniň hakyky sungat eseri bolup, atşynaslaryň ençeme nesilleriniň çeken zähmetiniň netijesi bolup durýar. Bu ugurda toplanan tejribe nesillerde nesillere geçirilip gelnipdir. Hydyrowlaryň dinastiýasy hem atlaryň bu tohumyny köpeltmeklige we ösdürmeklige mynasyp goşant goşandyr. Annadurdy Hydyrow çapyksuwarlykdan çeýisçilige ýetişen ussatdyr. Onuň ogly Esger – belli çapyksuwar bolup, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän at çapyşyklarynda yzygiderli ýeňiji bolup gelýär. Hatda onuň bäş ýaşly agtygy Elham hem eýýäm at eýerinde otutyp bilýär we geljekde kakasy ýaly meşhur atşynas bolmagy arzuw edýär.


Dinastiýa dogany Annadurdydan başlandy. Ol öz jigisini - mekdep okuwçysyny at seýisleýän ýeri bolan aýlawa getirdi. Şondan bäri hem Annadurdy her dýnç gününi aýlawda geçirýärdi. Watan oňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip gelenden soň ol atçylyk bilen meşgullanmagy karar etdi. Günler bolsa bedew bady bilen geçip durdy. Şowlulyklar hem boldy, şowsuzlyklar hem boldy, ýöne bu akylly haýwana bolan hormatly gatnaşyk ömürbaky saklanyp galdy hem-de bu häsiýet çagalarydyr agtyklaryna hem çeçirildi

atlar barada sagatlap gürrüň berýär Esgeriň ilkinji at münmegini ňwrenişini ýatlaýar,. Şonda 10 ýaşly oglanjyk onuň Garlawaç diýen atyndan öňe geçjek bolup synanyşypdy. Ilki bilen Annadurdy ogluna näme-de bolsa bu haýwanyň depmegi mümkin ýa-da at bu oňaýsyz atabakary agdaryp göýbere diýen pikir bilen, eýere münmegi gadagan etdi. „Hatda üstündäki çapyksuwaryň gowşakdygyny bilip, Garlawajyň Esgeri atdan agdaran wagty hem, ony süýrän wagty hem bolupdy diýip, Annadurdy gülüp gürrüň berýär. Ýöne ogla mynasyp baha bermeli, bular ýaly kynçylyklar ony saklamady, ol günsaýyn tejri be toplady, atlary yhlas bilen idetdi, olar biri-biri bilen örän öwrenişdiler. Men elmydama doganymyň: diňe çyn ýürekden bolan yhlas buýsançly ahalteke bedewiniň ýüregini awlap biler, ýene-de sabyr-takat we zähmet gerek, diňe şonda bedew seniň hakyky syrdaşyň bolýar. Men ogullarym Esgeriň, Kemalyň, Kerweniň atlary çyn ýürekden söýýändiklerine begenýärin. Şonuň üçin hem biziň maşgala dinastiýamyzyň ahalteke atlaryna bolan söýgüsi dowam etdirilýär“


Annadurdy bütin hepdesini athanada geçirýär. Bedewleriň iýmitelendirilişine, suwa ýakylşyna, olaryň gezim etdirilişine, ylgadylmagyna, dogry dünç aldyrylyşyna berk gözegçilik edýär. Diňe dynç alyş güni öýde bolýar. „Men öýde bolsamam, atlara oglanlaryň berk seredýändiklerini bilsem hem, ýüregim atlaryň ýanynda, iň gowusu bdewleriň arasynda bolmak. Şonuň üçin hem haçan-da men işde bolan wagtym ýüregim kanagat tapýar. Gijelerine hem atlary ýanyna barýaryn, olaryň özüni alyp baryşlaryna syn edýärin, olary bimaza edýän zat barmy – hemmesine syn edýärin. Bilýäňizmi, atlar hem düýş görýärler. Gijäniö içinde olaryň biriniň kişheýän sesini eşiodýärin. Athana baryp görsem olaryň ählisi uklap ýatyrlar. Diýmek olaryň haýsydyr biri düýş görýär, mümkin onuň düýşi pellehänä biirinji gelip, özüniň boýnuna gymmat bahaly ýalygyň daňylşyny, sagrysyna halyny ýapylşyny, çapyksuwary we özniň gutlanşynyň, netijede bolsa, onuň ýyndam çapmagy olaryň ikisine hem üstünlik getirşi barada düýş görendir.“

nesilleriniň bu kärini golaý geljekde häzirlikçe kiçijek Elham dobam etdirer. Onuň atasy eýýämden ony bedewlere nähili garamalydygyny öwredýär, ýuwaş-ýuwaşda eýeriň üstünde saklanmagy öwredýär. Oglanjyk eýýäm atasynyö ösdürip ýetişdirýän atlarynyň her biriniň adyny bilýär, köp wagtyny athanada geçirýär, ýaşlyk ýyllaryndan bedewlere bolan söýgüsini taplaýar.