Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk desgalary açylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk desgalary açylýar

view-icon 497
Şu gün Gökdepe etrabynyň merkezi bolan Gökdepe şäherçesinde üç sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurlan bu jaýlaryň biri 32 öýden, ikisi bolsa 24 öýden ybaratdyr.

Irden baýramçylyk lybasyna beslenen täze binalaryň öňünde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, ýaşlar, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Bu ýerde döredijilik toparlary joşgunly aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetirdiler.

Ýygnananlar mili Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu günki ajaýyp wakanyň welaýatlarda raýatlarymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýylan çenli döwür üçn Milli maksatnamasy" hem şuňa gönükdirilendir. Onuň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň möçberli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şol işler bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam eder.

Täze binalar ak mermere beslendi, olaryň içindäki timarlaýyş işleri ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallaryny ulanmak arkaly amala aşyryldy, öýler meşhur önüm öndürijileriň santehniki enjamlary bilen üpjün edildi, aşhanalarda zerur bolan enjamlar ornaşdyryldy. 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň her biriniň birinji gatynda uly bolmadyk söwda merkezleri ýerleşdirildi. Ýaşaýjylar şol dükanlardan dürli azyk we senagat harytlaryny satyn alyp bilerler.

Binalaryň ýanaşyk ýerleri döwrebap abadanlaşdyryldy, pürli agaç nahallarynyň ýüzlerçe düýbi oturdyldy, ot ekilen meýdançalaryň ugrunda köçeleri yşyklandyrýan çyraly sütünler ornaşdyryldy, jaýlaryň her biriniň öňündäki meýdançalarda çagalara niýetlenen oýun meýdançalary, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin bassyrmalar, dynç almak üçin oturgyçlar ýerleşdirildi. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi ulgamlary bar, öýlerde merkezleşdirilen howa çalyşýan, ýyladyş ulgamlary hereket edýär, olaryň ählisi gyzgyn we sowuk suw bilen üpjün edildi.

Bu binalary ýurdumyzyň hususy kärhanalary gurdylar, olaryň tapawutlanan hünärmenlerine täze desgalaryň açylyş dabaralarynda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.