Ï Türkmen bedewlerini şöhratlandyrýan baýramçylyk sowgatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen bedewlerini şöhratlandyrýan baýramçylyk sowgatlary

view-icon 1411
Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda stoluň üstünde goýulýan we diwarda asylýan senenamalar, albom görnüşinde ýadygärlik poçta markalary, şöhrat gazanan türkmen bedewleriniň şekilleri bolan sowgatlyk gap-gaçlar, kümüşden ýasalyp, altyn çaýylan ahalteke bedewiniň kiçijik heýkelleri taýýarlanyldy.

Umumymilli baýramçylygyň hormatyna Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan altyndan we kümüşden her haýsynyň gymmaty 50 manada deň bolan “Türkmeniň ahalteke bedewi” atly ýadygärlik şaýy pullarynyň toplumy, şeýle gymmaty bolan käbir altyn we kümüş pullar çykaryldy.


Mälim bolşy ýaly, tutuş dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda öz bedewlerine aýawly we yhlasly garap gelýär. Häzirki wagtda dünýäde atçylygyň mekany we ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýän halkara merkezi hasaplanýan Türkmenistanda “behişdi bedewlerden” oňat baş çykarýan we olara uly gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn üns berilmegi netijesinde, gadymy atşynaslyk täzeden rowaçlyga eýe bolýar.

Her ýylda Türkmenistanda döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy halkymyzyň öz ruhy köklerine we täsin galdyrýan medeni mirasyna ygrarlylygynyň alamaty bolup durýar. Soňky ýyllarda bu baýramçylyga bagyşlanan dabaralar halkara derejesinde geçirilýär. Şonda türkmen topragynda meşhur ahalteke bedewiniň dünýäniň dürli döwletlerindäki muşdaklary ýygnanýarlar.


Beýik Britaniýanyň “The Royal Mint” zikgehanasynda ýasalan ýadygärlik şaýy pullarynyň ýüz tarapynyň merkezinde dagly landşaftyň ýüzünde iki sany türkmen bedewi şekillendirilen şaýy puly aýlawy boýunça ýokarsynda “Türkmen ahalteke bedewi” diýen ýazgy, aşagynda “50 manat” diýen ýazgy bar. Çep tarapynda şaýy puluň mähegi, sag tarapynda—agramy görkezilýär. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly şekiller bilen bölünýär.

Şaýy pullaryň arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilipdir. Onuň aşagynda şaýy puluň çykarylan ýyly “2013” görkezilýär, bu ýazgynyň iki tarapynda ýurdumyzyň parahatçylygyň we ynsanperwerligiň ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan zeýtun şahalary şekillendirilendir. Şaýy puluň ýokarsynda “Türkmenistanyň Merkezi banky” diýen ýazgy ýerleşdirildi.

Diametri 38,61 mm bolan şaýy pullar 916,7 mähekli altyndan we 925 mähekli kümüşden ýasalandyr. Täze şaýy pullarynyň agramy degişlilikde 39,94 we 28,28 grama barabardyr.

Ýadygärlik şaýy pullaryň goýberiliş mukdary 50 toplum. Altyndan ýasalan käbir gymmat bahaly şaýy pullaryň 150 sanysy çykaryldy, kümüş pullaryň goýberiliş mukdary 250 sany. Ýadygärlik şaýy pullaryň ýokary hilli—“pruf” olara goşulýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sertifikaty bilen kepillendirilýär.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, baýramçylygyň öňýanyndaky günlerde ahalteke bedewleriniň köp sanly muşdaklary nobatdaky sowgatlary – stoluň üstünde goýulýan we diwardan asylýan senenamalary aldylar. Olarda meşhur bedewlerimiz hem-de at çapmagyň ussady, behişdi bedewlerimize bagyşlanan gyzykly işleriň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suratlary ýerleşdirilipdir.

Biziň milli buýsanjymyza bagyşlanyp çykarylan markalaryň tapgyry ajaýyp Akhan, Berkarar, Altyýap, Şagadam, Döwletli diýen ahalteke bedewleri şekillendirilipdir.

Täze şaýy pullar, markalar we beýleki täze sowgatlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nobatdaky ajaýyp nyşana öwrülip, ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan ozal çykarylan ýadygärlik şaýy pullaryň toplumynyň üstüni ýetirer. Galyberse-de, olar ýurdumyzda we daşary döwletlerde gymmat bahaly we seýrek şaýy pullaryny toplaýanlar üçin buýsanç döredýän oňat sowgada öwrüler.