Şu gün ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň, goranmak ministrliginiň düzümlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan dabaraly çäreleriň esasy meselesi atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boldy, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabyndaky Halkara atçylyk-sport toplumynda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilen çapyşyklar, ýekşenbe güni ýokary ruhubelentlik we guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen baýramçylyk çäreleri bolsa ýurdumyzda atçylyk pudagynyň ýeten derejesini doly görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, hut şu pudaklara degişli bolan atlar 1 müň metr aralyga geçirilen at çapyşykda tejribeli çapyksuwarlaryň ýokary ussatlyk görkezmegi bilen pellehanadan ilkinji bolup geçdiler. Baýramçylyk çapyşyklarynyň başyny başlan bu ilkinji çapyşykda halypa çapyksuwarlar ýaryşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, şeýle halypa ýaryşyna çapyksuwar hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hut milli Liderimiziň ajaýyp Berkarar diýen aty pellehana ilkinji bolup gelip, köp sanly tomaşaçylarda ägirt uly şatlyk, haýran galmak duýgularyny döretdi. Ol tomaşaçylaryň arasynda bolsa baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan çagyrylan ýüzlerçe myhmanlar hem bar.
Bu çapyşygyň eýesine baş baýrak ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak pul möçberi ýa-da şu çapyşyga goýlan goýumyň umumy möçberiniň, ýagny 13 million amerikan dollaryndan gowrak puluň 85 göterimi gowşuryldy. Şol umumy pul möçberiniň 10 göterimi pellehana ikinji bolup gelen Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan aty Akbilegi çapan çapyksuwara gowşuryldy. Üçünji orna bolsa, senagatçylyr we telekeçiler birleşiginiň Gadyr diýen aty mynasyp boldy. Onuň çapyksuwaryna umumy puluň möçberiniň 5 göterimi gowşuryldy. Bu çapyşykda jemi 7 at ýaryşa goşulyp, olaryň ählisem eminler tarapyndan saýlanan iň gowy bedewler bolup, olara iň uly pul goýumlary goýuldy.
Çapyşyklar tamamlandan soň, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriniň sowallaryna beren jogabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu baýraga bedewiň mynasyp bolandygyny aýtdy. Şoňa görä-de baýrak Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň köpelmegine, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrmagyna gönükdirilse, ýerlikli bolar diýip nygtady. Şu maksat bilen milli Liderimiz agzalan möçberdäki pul serişdesini “Türkmen atlary” döwlet birleşigine geçirýändigini aýtdy.
Milli Liderimiziň bu belent ynsanperwer hereketine şu günki maslahatlara gatnaşyjylar örän ýokary baha berdiler.Şeýle hem maslahatda çykyş edenler hut milli Liderimiziň ägirt uly üns bermegi netijesinde nesilden-nesle geçirilip gelinýän iň oňat milli atçylyk däplerimiz gaýtadan dikeldildi, bütin taryhynyň dowamynda türkmen halkynyň iň oňat ýoldaşy we dosty bolup hyzmat eden ahalteke bedewleriniň dünýä derejeli şöhraty häzire çenli görlüp-eşidilmedik derejelere göterildi diýip bellediler.
Şu günki dabaralaryň biri ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Döwletliler köşgünde geçirildi. Onuň barşynda bu Birleşmäniň wekilleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň adyndan çapyşyga gatnaşan Gadyr atly bedewiň üçünji orun alyp, mynasyp bolan pul serişdesini bu Köşgüň körpelerine sowgat bermegi karar edendiklerini we bu karary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň makullandygyny habar berdiler.
Nygtalyp geçilişi ýaly, ýokarda agzalan ähli dabaraly çärelerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna ýolbaşçylyk edýän we täsin ahalteke tohum atlarynyň gadyryny bilýän we onuň janköýeri bolan hut hormatly Prezidentimiziň ady bilen atçylyk pudagynyň ösüşi aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu pudagyň ösüşine döwlet ägirt uly serişdeleri gönükdirýär. Ol maýa goýumlar halkara talaplaryna laýyk gelýän ösen döwrebap düzümleri döretmäge, pudagyň maddy enjamlaýyn binýadyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmaga, ylmy-barlaglary alyp barmaga, ýokary derejeli hünärmenleri-seýsleri, çapyksuwarlary, seçgiçileri, weterinarlary we beýlekileri taýýarlamaga, şeýle hem iri sport ýaryşlaryny, mümkin bolan ähli bäsleşilkleri, meşhur edebiýatlary, pudaklaýyn gazetleri we žurnallary neşir etmek arkaly ahalteke bedewleri dünýä ýaýratmaga gönükdirilýär.
Maslahata gatnaşyjylar giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaklyga aýratyn ähmiýet berilýändigini kanagatlanma bilen belläp, daşary ýurtlara iş saparlary amala aşyrmagyň çäklerinde tejribe alyşmagyň, şeýle hem Türkmenistanda iri halkara forumlarynyň, pudaklaýyn sergileriň, dünýäniň iri atçylyk assosiasiýalarynyň we birleşiginiň agzalary bilen işjeň duşuşyklaryň geçirilmeginiň gürrüňsiz suratda kuwwatly itergi berjekdigini aýtdylar. Şu çäreler bolsa Türkmen bedewleriň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralarda öz mynasyp ornuna eýe boldy.
Elbetde, baýramçylyk dabaralarynda bolsa, esasy orun adatça at çapyşyklara berildi. Olarda şöhratly ahalteke bedewleri özleriniň diňe bir görkünde we kämilliginde däl-de, eýsemde müňlerçe tomaşaçylara özüniň hakykatda sport häsiýetlerini – ýyndamlygyny we çyndamlygyny görkezdiler.
Özüne çekiji ýaryşlar köp asyrlaryň mundan öň bolşy ýaly, hemişe baýramçylyklaryň bezegi bolupdyr. Her ýyl hem olaryň janköýerleri bütin dünýäde barha artýar. Muňa artýan gyzyklanmany göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2011-nji ýylyň güýzünde girizilen tatalizator oýunlary hem şaýatlyk edýär. Çapyksuwarlaryň çapyşyklara örän uly gyzyklanma bilen gatnaşyp, düýpli çemeleşmeklerine örän uly möçberdäki pul baýraklarynyň we gymmat bahaly sowgatlaryň goýulmagy hem sebäp bolup durýar. Çünki, goýumlaryň möçberi haýran galdyryjydyr. Olar dünýäde meşhur öndürijilerden getirilen dürli görnüşli täze ýeňil awtomobilleriň onlarçasy bolup durýar. Bu gymmat bahaly sowgatlary hut milli Liderimizi özi we aýry ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan gowşurylýar.
Şu gezekki geçirilen at çapyşyklaryň ähli ýedisiniň, şeýle hem ýakynda uzak aralyga guralan atly ýaryşyň we konkur boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna köp sanly daşary ýurtly myhmanlar – öňdebaryjy halkara sport, atçylyk sporty guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, olaryň arasynda Aziýa olmpiýa geňeşiniň prezidenti Ahmad Al Fahad Al Sabah, “Frans Galop” fransuz atçylyk assosiasiýasynň prezidenti jenap Bertran Bellingiýe, “Strabag SE” kompnaiýasynyň direktor geňeşiniň başlygynyň orunbasary Tomas Birtel, Saud Arabystanyň Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi emir Muhammed ben Saad Ben Halid Al Saud, Ýewropa atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Hanfrid Hering, “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Erwe Baržo we baýramçylygyň beýleki hormatly myhmanlary gatnaşdylar.
Umuman aýdanyňda, artýan halkara gyzyklanma, zerur bolan türgenleşik binýady we dünýä derejesindäki döwrebap atçylyk sport toplumlary ýakyn geljekde Türkmenistanyň atçylyk sportunda ykrar edilen dünýä merkezine öwrüljekdigine ynamly aýtmaga esas berýär. Ol merkezde bolsa iri ýaryşlar atçylyk festiwallary, ýaşlaryň spartakiadalary, dünýä ähmiýetli açyk çempionatlar geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ussat seýsleriň köp asyrlyk yhlasynyň we tejribesiniň netijesi bolan ýelden ýyndam ahalteke bedewleri bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolmak bilen, halkymyzyň milli mirasyna öwrülen şol bedewleri gorap saklamak we köpeltmek ugrunda edýän uly aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, maslahatlara gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täsin behişdi bedewleriň şöhratynyň olaryň özüniň gözelligine we ajaýyplygyna laýyk derejede täze öwüşginlere eýe bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.