Ï Weterinar gullugy kämilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Weterinar gullugy kämilleşdirilýär

view-icon 1955
2012-nji ýylyň aprel aýynda mundan beýläk Oba hojalyk ministrliginiň tabynlygyna geçirilen ýurduň Döwlet weterinar gullugy üýtgedilip guraldy. Bu çäre oba hojalyk mallaryna weterinar gullugynyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda geçirildi.

Gullugyň hünärmenleri ýokanç kesellere garşy weterinar çärelerini we öňüni alyş waksin sangymlaryny geçirýärler, maldarçylyk önümleriniň we azyk harytlarynyň önümçiligine gözegçiligi, Türkmenistanyň çäklerini zooantropol, ýagny, haýwanlardan adama geçýän kesellerden goragy üpjün edýärler. Gullugyň işgärleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we ýurda getirilýän ösümliklere we tohumlara gözegçilik edýän Döwlet karantin gullugynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýurda ýaramaz hilli azyk önümleriniň we ýokanç keselli maldarçylyk önümleriniň getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, Döwlet serhediniň bütin ugrunda hereket edýän gümrük nokatlarynda iş alyp berýarlar.

Döwlet edarasyna öwrülen weterinar gullugynyň üýtgedip guralmagy bilen, oba hojalyk mallaryna we guşlaryna geçirilýän möhüm waksin sanjymlarynyň şertleri hem üýtgedildi. Öňler şular ýaly çäreler hojalyk hasaplaşygynda geçirilerdi, indi bolsa olar döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýär, ýagny, ýokanç kesellere garşy geçirilýän waksin sanjymlarynyň bahasy döwlet tarapyndan tölenilýär, diňe hyzmatlar tassyklanan preýskurant boýunça tölenilýär. Ýerlerde weterinar hyzmatlary bilen etrap weterinar gullaklary meşgullanýar. Bu gulluklaryň işgärleri hem gara we ownuk mallarda brýusellýoz ýaly keselleriniň barlag gözegçiliklerini geçirýärler. Bir söz bilen aýdylanda, weterinarlar mallaryň sagdynylygy boýunça gerek bolan çäreleriň ählisini geçirýärler. Bu bolsa adamlaryň sagdyn bolmagyna öz oňaýly täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugynyň epizootiki bölüminiň müdiri Muhammat Şalarowyň belleýşi ýaly, ýurduň weterinarlary atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere işeňňir gatnaşýarlar. Ahalteke atlarynyň tohum baş sanynyň hasabatyny ýoretmek, olary pasportlaşdyrmak we hususy we döwlet eýeçiligindäki ähli atlary çipleşdirmek, şeýle hem ýokanç keselli atlary öwrenmek boýunça işlere badalga berildi. Ahal welaýatyndaky üç müň töwregi ata kliniki taýdan gözegçilik geçirildi. Bir wagtyň özünde atlara pasport ýazylýar hem-de elektro çipleşdirmek geçirilýär. Bu bolsa her bir bedewiň deňeşdirilmegini ýeňilleşdirýär. Sebäbi atlaryň elektron enjamyna ähli maglumatlar – saglygyndan başlap, onuň eýesiniň sagdynlygy baradaky maglumatlar girizilýär.

Ahalteke bedewlerini testleşdirme bakteriologiki, wirusologiki we serologiki gözlegleri geçirilýän weterinar barlaghanasynyň binýadynda geçirilýär. Şular ýaly barlaghananyň iň ulusy Gypjak obasynda ýerleşýär. Geçirilýän iri göwrümli işleriň netijesi weterinar gullugynyň milli maglumatlar binýadyna giriziler. Döwlet weterinar gullugynyň hünärmenleri mallaryň saglygyny seljerýärler hem-de kesgitleýärler, “Türkmenatlary” Döwlet birleşigi bolsa seçgi-tohumçylyk çärelerine gözegçilik edýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler dowam etdirilýär.

Bu geçirilýän çäreleriň ählisi ýurduň atçylyk pudagyny halkara derejeleriniň talaplaryna laýyk getirmek üçin gerek bolup durýar. Bu babtda tohumçylyk hasabatyny alyp barmak bilen bir hatarda bedewlerň saglygy hem uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda türkmen bedewleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän atly sport bäsleşiklerine we at çapyşyklaryna gatnaşmak , atlaryň bu tohumyny saklamak we gowlandyrmak üçin diri materiallary alyş-çalyş etmek möhüm we bu aýgytlaýjy çäre bolup durýar.

Weterinariýa, şol bir wagtyň özünde hem atçylyk ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellemelidiris. Şunlukda, Halkara epizotiki gullugynyň wekilleri tanyşlyk sapary blem 15 günläp Türkmenistanda boldular. Olar biziň ýurdumyzyň atçylyk hojalyklarynda, Döwlet gullugynyň barlaghanalarynda, şeýle hem maldarçylyk ugry boýunça okadylýan Baýramalynyň, Daşoguzyň we Aşgabadyň okuw mekdeplerinde boldular. Hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe öwrenmek, halkara derejeleriniň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, ýurtda weterinariýa işiniň alnyp barylşynay seljermek we baha bermek daşary ýurt hünärmenleriniň biziň ýurdumyza bolan saparynyň baş maksady boldy.

Weterinariýa çäreleri barada aýdylanda bolsa, häzirki wagtda waksin sanjymlaryny geçirmegiň tertibine laýyklykda, sibir ýazwasyna garşy köpçülikleýin sançma, sakyrtgalara grşy insektisidli işläp taýýarlama geçirilýär. Şeýle hem howp abanýan zolaklarda oba hojalyk we öý hojalyk mallarynda belli bir çäklerde guduzlamak keseline garşy waksin sanjymlary çeçirilýär. Bu çäre adatça ýylyň birinji çärýginde geçirilýär. Bu babatda mal eýeleri ýylyň islendik wagtynda weterinarlara ýüz tutup bilerler.