Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze desgalar açylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze desgalar açylýar

view-icon 518
Şu gün Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gorjaw obasynda 500 orunlyk umumybilim berýän häzirki zaman orta mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Mekdepde bilim aljak okuwçylar okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze mekdep bilen çagalary gutlamaga gelen myhmanlary-welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, hormatly ýaşululary aýdym-sazlar hem-de joşgunly tanslar bilen garşyladylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,dürli maksatly täze desgalaryň, şol sanda bilim edaralarynyň yzygiderli ulanmaga berilmeginiň häzirki zaman türkmen obasynyň täze durmuşyny alamatlandyrýandygyny bellediler. Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde obalarymyzda hem körpe nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredildi.

Mekdebiň 3 gatly binasy Ahal welaýatynyň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan guruldy. Täze desganyň birinji gatynda kiçi ýaşly okuwçylaryň okuw otaglary ýerleşdirildi. 2013-2014-nji okuw ýylynda olaryň hataryna alty we ýedi ýaşyndaky birinji synp okuwçylary goşularlar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuwyň möhletini uzaltmak baradaky çözgüdine laýyklykda, olar ilkinjiler bolup mekdeplerde 12 ýyllyk bilimiň maksatnamasy boýunça okarlar.

Täze mekdep binasynda mejlisler zaly, kitaphana, kompýuter we lingafon otaglary, iň täze enjamlar, şol sanda barlaghana abzallary bilen üpjün edilen, dürli mekdep dersleri boýunça ýöriteleşdirilen otaglar, naharhana okuwçylaryň hyzmatyndadyr. Täze desgada howany çalyşýan we ýylylyk bilen üpjün edýän häzirki zaman ulgamy hereket edýär. Ol okuw ýylynyň dowamynda zerur bolan howany üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Mekdep okuwçylaryny hemmetaraplaýyn terbiýelemek üçin zähmet okuwy otaglary hem göz öňünde tutuldy. Gyzlar şol ýerde nahar taýýarlamagy, tikin tikmegi, oglanlar bolsa ussaçylyk işini öwrenerler.

Çagalaryň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin hem ähli şertler döredildi. Mekdebiň abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürenen çäginde üsti ýapyk sport zalyndan başga-da, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen açyk sport meýdançalary hem bar.