Ï Täze obalar gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze obalar gurulýar

view-icon 716
Aprel aýynda ýurduň welaýatlarynyň bäşisinde hem täze keşpdäki häzirkizamam şäherçeleriniň bäşisiniň düýbüni tutulyş dabaralary bolup geçdi. Bu zerur gerek bolan kommunikasiýalaryň we infrastrukturalyň ählisi bilen üpjün edilen täze ilatly nokatlaryň gurluşygy boýunça bir ýyldan gowrak mundan ozal badalga berlen işlerinde, obalaryň keşplerini üýbünden özgertmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy. Olarda ýaşaýjylara şäher durmuşyndan pes gelmeýän ýokary amatlyklar we hil derjeleri kepil geçilýär.

Şol bir wagtyň özünde hem ýurtda geçen ýylda badalga berlen şeýle ilatly nokatlaryň birinji “nobatdakysynyň” gurluşyklary güýçli depginler bilen dowam etdirilýär. Şeýlelikde, 2012-nji ýylyň fewral aýynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginiň çäklerinde nusgalyk obalaryň ilkinjisine badalga berildi. Bu günki gün 400 gektr meýdanda gurluşyk işleri gyzgalaly alnyp baryýar. Dört ýüz sany iki gatly ýaşaýyş kottejleriň boýy galdyrylýar. Bu ýerde umumylykda olaryň iki müňden gowragy gurlar. Bu täze obanyň ýaşaýyş bölegini “Arkaçgurluşyk” we “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşikleriniň hünärmenleri gurýarlar. Ýurduň hususy kompaniýalary durmuş-medeni ähmiýetli desgalary – 800 orynlyk mekdebi, 240 orunlyk çagalar bagyny, 200 orunlyk Medeniýet öýüni, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny, geňeşligiň binalaryny gurýarlar. Uly ýollary çekmek işleri dowam etdirilýär.

Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynyň Graşsyzlyk geňeşliginiň çäkleriniň umumy meýdany 135 gektar ýerde ýerleşýän räze obanyň kommunikasion, energetike we suw üpjünçilik ugurlaryny çekmek işleri tamamlandy. Bu günki gün bu ýerde jemgyýetçilik binalarynyň – geňeşligiň, Saglyk öýüniň we Medeniýet öýüniň (200 orunlyk), 500 0runlyk umumy bilim berýän mekdebiň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň ilkinji on sanysynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Zelili geňeşliginiň çäklerinde umumy meýdany 190 gektar bolan meýdanda bu ýeriniň ýaşaýyş jaý böleginiň, 640 orunlyk umumy bilim berýän mekdebiň, geňeşligiň binasynyň we awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

welaýatynyň Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginde umumy meýdany 137 gektar meýdanda ýaşaýyş jaý böleginiň desgalarynda gurluşyk işleri alnyp barylýar, 160 orunlyk çagalar bagy we 240 orunlyk täze görnüşdäki umumy bilim berýän orta mekdep gurulýar. Ýol gurmak işlerine başlanyldy.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow geňliginde umumy meýdany 144 gektar ýerde 500 orunlyk umumy bilim berýän mekdebiň, 200 orunlyk Medeniýet öýüniň, geňeşligiň we ýaşaýyş jaýlarynyň ilkinji onysynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Geljekde senagat we azyk harytlary dükanynyň, Medeniýet öýüniň we baýramçylyk dabaralarynyň merkeziniň ýerleşjek ýerinde ýer işleri – bölmek we tekizlemek, jaýlaryň düýbüni tutulajak ýerlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetini 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet baştutanynyň gol çeken kararyna laýyklykda ýaňy ýakynda gurluşygyna başlanan bäş sany şäherçäniň üstüne ýene-de şonça şäher goşular.

Şeýle şäherçeliriň düýbüni tutmak dabaralarynyň biri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşliginde 17-nji aprelde bolup geçdi. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň dört ýüzüsi, umumy bilim berýä mekdep, çagalar bagy, atagatnaşyk bölüminiň jaýy, bazary öz içine alýan söwda merkezi, dükanlar, şeýle hem dolandyryş we önümçilik binalar ýaly durmuş-medeni ähmiýetli desgalar gurular.

amatlyklary bolan şular ýaly ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi, durmuş-medeni ähmiýetli desgslsryň onlarçasy, inženerçilik-tehniki ulgamlar we kommunikasiýar ýurduň beýleki welaýatlarynda hem gurlar. Bu şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary bir wagtyň özünde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeliginiň, Lebap welaýatynyň Birata etrabynda, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginde geçirildi. Täze desgalary gurmak ýurduň döwlet we hususy gurluşyk bölüminiň hünärmenlerine ynanyldy

Täze şäherçeleriň baş meýilnamasynyň gurluşyk işlerini işläp taýýarlamagy „Türkmendöwlettaslama“ Döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi we onuň welaýatlardaky bölümleri welaýat häkimlikleri bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirýärler. Ýurduň TDTYÖB wekilleri baş meýilnamalaryň taslamalaryny düzenlerinde şular ýaly işler boýunça öň bar bolan tejribelere esaslanýarlar. Ýurtda häzirki zaman oba ýerlerini taslamak we gurluşyk işlerininiň tejribeleri barha gyň gerime eýe bolýar.

Geçen ýyldan bäri gurluşygy dowam etdirilýän we aprel aýynda ýurduň ähli welaýatlarynda gurluşygyna badalga berlen bu häzirki zaman oba ýerleriniň iri göwrümli taslamalaryny amala aşyrmagy tamamlamak 2016-njy ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Oba adamalarynyň ýaşaýyş-durmuş derjelerini, ýurduň oba senagat toplumyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen Milli maksatnamalaryň hereket etmegi we amala aşyrylmagy netijesinde, obalaryň keşbi düýpli özgerýär, biziň ýurdumyzyň uzak ýerlerde ýerleşýän künjekleri täze keşbe eýe bolýar.