Ï Aşgabatlylar we myhmanlar üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatlylar we myhmanlar üçin

view-icon 716
Ýurduň Jemagat hojalygy ministrligi döredileli bäri bu ministrlige iki ýylyň dowamynda ýöriteleşdirilen tehnikalaryň – „süpürijilerden“ başlap, hapa daşaýjylardyr ýollara suw pürkýänlere çenli dürli görnüşdäki tehnikalaryň üç müň sanysy töwregi, gelip gowuşdy. Bu bolsa el işlerini ýeňlidip, ýerine ýetirilýän işleri çalt we oňat hilli berjäý etmäge kömek edýär. Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministrliginiň umumy bölüminiň ýolbaşçysy, iş dolandyryjysynyň orunbasary Gülşat Agahanowanyň belleýşi ýaly, şeýle maşynlaryň ýüzlerçesi işleri Aşgabadyň köçelerinde gije-gündüzleýin alyp barýarlar.

2011-nji ýylda döredilen bu ministrlikde ýurduň şäherleriniň arassalygy we abadançylygy, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny ýylylyk we suw bilen üpjün etmek tabşyryldy. Munuň üçin ministrligiň düzüminde agyz suwuny arassalaýan zawodlar we beýleki zerur desgalar bardyr. Bu ulgamyň hünärmenleri iň häzirki zaman enjamlaryny özleşdirýärler. Meselem, olar abatlanmagy zerur bolan bug gazanlarynyň durkuny täzeleýärler.

Hususanda, paýtagtda bu edaranyň düzüminde şäheriň köp sanly suw çüwdürimlerine hyzmat etdýän ýöriteleşdirilen müdirlik işleýär. Gülleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ýyladyşhanalaryň bardygyny hem belläp geçmelidiris. Olaryň ikisi Bekrewede, birisi bolsa Arzuw şäherçesinde ýerleşýär. Bu ýyladyşhalarda gülleriň onlarça görnüşleriniň millionlarçasy ösdürilip ýetişdirilýär hem-de olar şäheriň görküne görk goşmak bilen, bahar we güýz aýlary Aşgabadyň dürli künjeklerine ekilýär.