Ï Tokaýlary ýangyndan goralyň
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tokaýlary ýangyndan goralyň

view-icon 774
Gyzgyn günleriň wagtyndan öň gelendigi sebäpli Türkmenistanda adaty wagtyndan öň emeli we tebigy tokaýlyklaryny saklamak maksady bilen ýangyn howply ýagdaýlary duýdurmak boýunça çäreler geçirilip başlanyldy.

Şeýleklikde, aprel aýynyň ilkinji on günlüginden başlap, Köpetdagyň eteklerinde sürüm işleri diňe bir Aşgbadyň töwereginde we dag gerişlerinde onlarça kilometre uzap gidýän pürli baglaryň arasynda geçirilmän, eýsem ini azyndan 12 metr bolan gorag üçin sürülen zolaklar ekilen baglary dag baýyrlyklaryndan arasyny bölýär. Bu geçirilýän çäreler pürli agaç tokaýlyklarynda ýangyn döremeginden gorar hem-de köp ýaşly pürli agaçlary saklamaga gorag işlerini güýçlendirer. Ýerlerde etrap guramalary tarapyndan guralan awto we demirýol ugurlary, oba hojalyk we öri hojalyklary bilen serhetleşýän ýerleriniň ösümliklerden mehanizimleşdirilen usulda we elde arassalamak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Ekologlar şol bir wagtyň özünde gyzyl kitaba girizilen seýrek duş gelýän toýnakly haýwanlar üçin häzirki wagtda goşmaça ätiýaçlyk iýmit bolan ýazky ot bedeleriniň toplanmagy dowam edýän ýeri bolan dag meýdançalaryna we döwlet goraghanalarynyň çäklerine gözegçilik işlerini geçirýärler.

medeni we tebigy zolaklarynyň ähli meýdançalarynda ýangyn döremek howpunyň döremegini duýdurmak çärelerine maslahatçy hökmünde Tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň işgärleri gözegçilik edýärler.