Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça we döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, demir ýol pudagynyň has tapawutlanan işgärlerine we hünärmenlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş hem-de hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Bu çäre Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli polat ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berilmeginiň şanyna guraldy.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan bu iri halkara taslamasynyň taryhy ähmiýete eýedigini bellediler we onuň diňe bir taslama gatnaşyjy döwletleriň däl, eýsem, Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigini nygtadylar. Şunuň ýaly wajyp taslamanyň – “Demirgazyk-Günorta” ulag ugrunuň döredilmegi maýa goýumlarynyň yzygiderli akymyny, beýleki sebitler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini we onuň diwersifikasiýa edilmegini şertlendirer. Bu waka Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň we halkymyzyň senenamasyna altyn sahypa bolup ýazylar.
Ýewraziýa yklymynyň geljekki ösüşinde möhüm ornu eýelejek bu “Beýik Polat ýolunyň” gurluşygyna we onuň taslamasynyň işlenip taýýarlanmagyna goşant goşan taslamaçylar, inženerler, gurluşykçylar we beýleki hünärmenler özlerine bildirilen ynama abraý bilen hötde gelendiklerine buýsanmaga haklydyrlar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşanlar milli Liderimiziň bu ähmiýetli başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginde ýokary ussatlygyny we hünär taýýarlygyny iş ýüzünde subut etdiler hem-de mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular.
Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini çeper wasp etmekde yhlaslylyk görkezen we bu ugurda ýeterlik tejribe toplan medeniýet we sungat ussatlaryny hem sylaglamak dabarasy boldy. Olar öz döredijiliginde ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp edýärler. Ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan teatr işgärleri özleriniň döredijiligine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda çekilen aragatnaşygyň döwletara optiki-süýümli ulgamynyň üstünlikli herekete girizilmegine mynasyp goşant goşan aragatnaşykçylaryň birnäçesine bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar özleriniň zähmetlerine şeýle ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň we başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda özleriniň bilim- başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.