Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň döwrebap serhet galasyna degişli binalaryň täze toplumynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara boldy. Bu toplum ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.
Welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hormatly ýaşulularyň hem gatnaşmagynda geçirilen dabarada çykyş edenler bu döwrebap serhet galasynyň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, şol sanda döwrebap harby şäherjikleri we serhet galalaryny gurmak boýunça yzygiderli alada edýändigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrülendigini bellediler. Serhetçiler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ata Watanymyzyň howpsuzlygyny, ýurdumyzda dostlugyň we doganlygyň serhetleri diýlip yglan edilen serhetleriň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça belent borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.
Täze serhet galasy umumy toplum bolup, oňa gulluk, şeýle hem durmuş we hojalyk maksatly desgalar – edara jaýy, ammarlar, hojalyk toplumy, naharhana, awtoulaglar üçin duralgalar we beýlekiler girýär. Bu ýerde serhetçileriň maşgalalary üçin gurlan ýaşaýyş jaýyndaky otaglar diňe bir giňligi bilen däl-de, ýaşamak üçin oňaýly şertleriň döredilendigi, şol sanda döwrebap mebeller bilen üpjün edilendigi bilen tapawutlanýar.
Şeýle hem serhet galasynda harby gullukçylaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi, kiçi futbol, woleýbol, tennis we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin açyk meýdançalar guruldy. Serhet galasynyň toplumynda gyşyna we tomsuna serhetdäki itleriň saklanýan ýerleri, olara tälim bermek üçin niýetlenen meýdançalar hem bar.
Serhetçileriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar, olaryň sport we görkezme çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.