Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndan 14 sany kärhana Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň gurnan bäsleşiginde „Zähmetiň howpsuz şertli iň gowy kärhanasy“ adyna mynasyp boldy.
Olaryň hataryna Daşoguzyň haly kärhanasynyň, Sarahs etrabynyň pagta arassalaýjy zawodynyň, „Marygurluşyk“ müdirliginiň 5-nji önümçilik-gurluşyk kärhanasynyň we başga ençeme kärhanalaryň işçi toparlary mynasyp boldular.
Olaryň üstünlikleriniň syry-işçi toparlaryň zähmetini we işgärleriň zähmetini goramak, önümçilikde , işlemäge we dynç almaga oňaýly şertleri döretmek, işgärleriň sosial goraglylygyny, önümçilikde betbagtçylyklara ýol bermezlik meselelerinde kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we iş toparlaryň kärdeşler arkalaşyklaynyň tagallalarynyň jemlenmegindedir.
Tehniki howpsuzlyk gullugynyň , TB boýunça enjamlaşdyrylan otagyň, kärhananyň işgärlei bilen tehniki howpsuzlyk boýunça geçýän sapaklaryny bellige alýan kitapçanyň bolmagy kärhanalary bahalandyrmaklykda esas boldy. Dynç alyş otaglarynyň, sport meýdançalaryň, işgärleri işe getirýän awtoulaglyaryň bolmagy, şeýle-de zähmetiň howpsuz şertleriniň we onuň hereket etmegi üçin kärhananyň kärdeşler arkalaşyklarynyň gözegçiliginiň netijeliligine hem seredildi.
Şu ýyl 29-njy martdan-29-njy apreline çenli Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary zähmeti goramagyň aýlygyny geçirdiler.