Habar beriş serişdeleri ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri şu gün onlaýn tertibindäki habar beriş serişdeleriniň halkara tejribelerine we Internetiň hukuk kadalaşdyrylyşyna bagyşlanan iki günlük maslahatyň çäklerinde geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda geçirilen foruma ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli intsitutunyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahata Ukrainanyň Media Hukuk institutynyň direktory jenap Taras Şewçenko halkara bilermen hökmünde çagyryldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, milli habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegi onuň döwrüň talabyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüş wezipelerine laýyk getirilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylaryň pikirine görä, halkymyzyň ruhy-medeni däplerini nazara alyp, halkara media işini milli tejribä ornaşdyrmak maksady bilen, bu babatdaky dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Şu jähetden habar beriş serişdeleriniň kanunçylyk-hukuk binýadynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň işinde täze tehnologiýalary ulanmak ulgamda möhüm ugur hasaplanylýar.
Maslahatyň barşynda Internet ulgamynda, bu babatdaky halkara ülňülerinde, onlaýn-habar beriş serişdelerinde hukuk usullaryny kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly esasy meseleler boýunça mowzuklaýyn tanyşdyryş bilen halkara bilermenleri çykyş etdiler.
Maslahatyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, şeýle hem milli habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan köpýyllyk özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünligini nygtamak bilen, maslahata gatnaşyjylar bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowam etdrilmelidigini bellediler.
Ertir paýtagtymyzdaky “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilýän çäre öz işini dowam eder.