Paýtagtymyzyň “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähi 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda ýene-de şäherlileri we myhmanlary garşylamaga taýýar bolar.
Ol şu wagt Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 29-njy martda gol çeken resminamasy esasynda abatlaýyş işlerini geçirmeklik üçin ýapyldy. Abatlaýyş işleri geçirmeklik “Ussat” hususy kärhanasyna tabşyryldy.
Seýigähi abatlamak boýunça işleri geçirmeklige yglan edilen bäsleşige daşary ýurt kompaniýalary bilen birlikde türkmen işewürleriniň hususy kärhanalary hem gatnaşdy. Netijede, taslamanyň buýrujysy bolup çykyş edýän paýtagtymyzyň häkimliginiň bu bäsleşiginde has tapawutlanan türkmen gurluşyk kärhanasynyň taslamasy ýeňdi.
“Ussat” hususy kärhanasynyň maglumat bermegine görä, bu seýilgähi abatlap, täzeden gurmaklyk işlerinde 200 işçi zähmet çekýär. Seýilgäh üçin niýetlenen 8 gektar meýdanda çagalar üçin oýnalýan we sport meýdançalar ýerleşer. Bu ýerde çagalar dört ýaşyndan başlap attraksionlarda oýnap bilerler. Attraksionlar dürli ýaşdaky çagalar üçin göz öňünde tutulandyr.
“Aşgabat” seýilgähiniň abatlaýyş işleri geçirilende göge bürenip oturan zolagynyň durky hem saklanylýar. Sebäbi seýilgähde ençeme ýyllaryň taryhyny özünde jemleýäp ýaşap oturan uly baglar köp. Bu ýerde daşyndan bezegli baglar ekiler, kafeler gurlar. Suw çüwdirimleri seýilgähiň esasy bezegleriniň birine öwrüler. Seýilgähe dynç almaga gelenlere , daşda ýerleşmedik dörtderejeli awtoulag duralgasy hyzmat eder.