Ï “Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 781
Türkmen we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmen arhiwi” taryhy-dokumental, ylmy-nazaryýet we usulyýet žurnalynyň 14-nji sany çapdan çykdy. Onda däbe öwrülen rubrikalar – “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri”, “Arhiw işi: nazaryýet we tejribe”, “Asyrlaryň ýaňy”, “Taryhyň sahypalary”, “Adamlar, wakalar, maglumatlar”, “Ruhy-medeni miras” we beýlekiler boýunça toparlara girizilen materiallaryň ellä golaýy çap edildi.

Žurnalyň şu sanyny resmi habarlaryň toplumy açyp, olaryň arasynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2012-nji ýylda gol çeken Permanlary we Kararlary bar. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwini döretmek, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Baş arhiw müdürligini we tutuş arhiw işini kämilleşdirmek bilen baglydyr.


berilýän makalalarda anyk wakalaryň mysalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň ösüş mazmuny açylýar. Häzirkizaman türkmen döwletiniň durmuş ugurlaryny gurşap alan düýpli reformalar we giň gerimli özgertmeler täze taryhy döwürde türkmen halkynyň gazanýan üstünlikleriniň girewi bolup, jemgyýetde durnuklylygy, agzybirligi we jebisligi, halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň artmagyny şertlendirdi.

Žurnalda ýerleşdirilen hünärmenleriň teswirlemeleri bilen arhiw resminamalarynyň toplumy uly ylmy–öwreniş gymmatlygyna eýedir. Mysal üçin, Yzgant obasy hakynda taryhy maglumatlar çap edildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň atasy – mugallym, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjy Berdimuhammet Annaýew şu obada dünýä inip, zähmetsöýerligiň, ýokary ahlaklylygyň, eziz Watanymyza we halkymyza birkemsiz gulluk etmegiň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Onuň durmuş we zähmet ýoly türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin mynasyp göreldedir.

Neşiriň sahypalarynda arhiw meseleleri aýratyn orun eýeleýär. Makalalaryň birnäçesi Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet arhiwleriniň iş tejribesi, şol sanda kärhanalaryň, guramalaryň we şahsy adamlaryň resminamalary bilen işlemekde toplanan tejribe hakynda gürrüň berýär.

“Halk, mukaddes uruş dowam edýärdi...” diýen rubrikanyň astynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna bagyşlanan materiallaryň birnäçesi ýerleşdirildi. Bu ýerde, hususan-da, ozal neşir edilen “Hakyda” we “Şöhrat” atly kitaplara goşmaça maglumatlar, ordenler we medallar bilen sylaglanan türkmenstanly esgerleriň terjimehallary we suratlary çap edildi.

“Taryhyň sahypalary”, “Adamlar, wakalar, maglumatlar”, “Taryh we taryhçylar” diýen rubrikalaryň astynda çap edilen ylmy habarlar hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Olar dokumental çeşmelere esaslanyp, ozal eşidilmedik gyzykly maglumatlaryň ençemesini öz içine alýar. Olaryň arasynda Türkmenistanda maliýe-karz ulgamynyň, ylym we bilim ulgamynyň kemala gelmegi, görnükli türkmen alym-arheology H.Ýusubowyň durmuş ýoly we ylmy işleri hakynda gürrüň berýän makalalary bellemek gerek.

Žurnalyň nobatdaky sanynyň makalalarynyň agramly bölegi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasyny wagyz etmäge bagyşlanandyr. Olaryň hatarynda belli rus alymlary, akademikler W.M.Žirmunskiniň we W.W.Radlowyň ylmy işlerinde tanyşdyrylýan türkmen halk döredijiligi, şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti, ilkinji türkmen ussat horeografy we baletmeýsteri G.Japarow, beýleki tanymal sungat işgärleri hakynda gürrüň berýän makalalar bar.

“Geçmişe penjire. Fotoarhiw” diýen rubrika astynda ýurdumyzyň taryhynyň möhüm wakalaryna beslenen milli däplerimizi aýdyň şöhlelendirýän täsin suratlaryň toplumy ýerleşdirildi.

Žurnalda çap edilen makalalaryň köpüsi dokumental çeşmelere we arhiw materiallaryna esaslanandyr.