Ï Žurnalistler gan tabşyrmak bilen Bütindünýä gan donorynyň gününi bellediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Žurnalistler gan tabşyrmak bilen Bütindünýä gan donorynyň gününi bellediler

view-icon 810
Bütindünýä gan donorynyň gününe bagyşlanyp şu günler geçirilýän çärä gatnaşyjy şeýle diýip aýdyp biler. Mälim bolşy ýaly, öňden gelýän däbe eýerilip, şu ýyl ýedinji gezek geçirilýän bu çäräni Türkmenistanyň Neşirýat gullugynyň we Bütindünýä Saglyk guramasynyň ýurtdaky edarasynyň goldaw bermeklerinde „Neýtralnyý Turkmenistan“ gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň lukmançylyk we derman senagaty ministrligi, Saglyk we Gan merkeziniň maglumatlar merkezi bu çäräny guraýjy bolup çykyş etdiler.


Şu ýyl „Gan donory boluň, ömri sowgat beriň!“ ady bilen geçirilýän bu çäre 11-nji iýunda Erkin döredilik mekanynda geçirildi. Oňa diňe bir gazetleriň redaksiýalarynyň we neşirýat gullugynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşman, eýsem neşirleriň hemişelik ştatdan daşary awtorlary we okyjylary hem gatnaşdylar. Şu maksat bilen meýletin donor çäresiniň geçirilýän ýerine gan tabşyrmagyň göçme nokady – donor ganyny kabul etmek üçin we hat-da ganyň komponentlerini taýýarlamk üçin ähli şertleri bolan barlagahana üçin ýörite enjamlaşdyrylan awrobus geldi.


Bütindünýä Saglyk guramasynyň ýurtdaky edarasynyň baştutany Bagtygül Garryýewa bu wakany teswirlemek bilen, bu donor çäresiniň – jemgyýetiň degerli gatnaşýadygynyň aýdyň mysalydyr diýip, nygtaýar. Her ýylyň 14-nji iýunynda bellenilip geçilýän Bütindünýä gan donorynyň güni howpsuz ganyň we onuň önümleriniň gatnaşygy babatynda habarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem meýletin gan donorlaryna olaryň sowgady üçin minnetdarlyk bildirmäge şertleri döredýär. Her ýylda ganyň we gan önümleriniň guýulmagy millionlarça adamlaryň ömürlerini halas etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl Bütindünýä gan donarynyň güniniň 10 ýyllygy bellenilýär. Bu çäre birnäçe sagatlap dowam etdi.


Lukmanlardan öňünden diagnostikany we söhbetdeşligi geçmek bilen, donorlar awtobusa bardylar. Olar bu ýerde gany alýan häzirki zaman bir saparlyk abzallary ulanýan tejribeli şepagat uýalaryna gan tabşyrdylar. Hat-da iňňe sanjylmadan gorkusyny ýaşyrmadyklar hem, gan tabşyranlaryndan soňra bu ýerden ýylgyryp çykdylar. Meýletin gan çäresine özüniň gatnaşmagynyň sebäbi barada aýtmak bilen, köpler diňe bir öz ganlaryny sowgat bermän, eýsem mümkin kimdir biriniň ömrüni halas edendiklerini, keseli bejermäge kömek edendiklerini ynam bilen nygtadylar. Milli türkmen däbi bolup durýan muzdsuz kömek bolsa elmydama hakyky kanagatlanma duýgusyny oýarýar.

Bu ynsanperwer çäre köpleri parhsyz goýmady. Türkmenistanyň Lukmançylyk we derman senagaty ministrligi Saglyk maglumatlar merkezi we Bütindünýä Saglyk guramasynyň ýurtdaky edarasy bilen bilelikde donorçylyk çäresini 13-nji iýunda paýtagtyň „Aşgabat“ stadionynda türgenler bilen hem geçirdiler.