Ï Şadyýanlyk, gyzyklylyk hem-de sagdynlygyň peýdasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şadyýanlyk, gyzyklylyk hem-de sagdynlygyň peýdasyna

view-icon 1236
Gökdere sagaldyş-dynç alyş jülgesinde çagalaryň tomusky dynç alşy dowam edýär. Bu ýerde dürli çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýanlary birleşdirýän köp sanly bilelikdäki çäreler geçirilýär. Ýurduň Bilim ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy beýleki birnäçe guramalaryň gatnaşmagynda bu geçirilýän çäreleriň guramaçylary bolup çykyş edýärler.

„Nebitçi“ sagaldyş merkezinde IIM Ýol gözegçilik polisiýasynyň müdirliginiň gatnaşmagynda guralan ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek boýunça merkezara bäsleşikler geçirildi. Bu bäsleşiklere „Nebotçiniň“ ýaş ýer eýeleri bilen bir hatarda düzümi alty adamdan ybarat bolan „Altyn damja“, „Altyn ýyldyz“ we Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş merkeziniň toparlary gatnaşdylar. Ýer eýeleri bolan „Nebitçi“ merkeziniň topary bu bäsleşikleri ýeňijisi boldy. Emin agzalarynyň umumy çözgüdi boýunça bäsleşige gatnaşanlaryň ahlisine bäsleşikleri guraýjylar tarapyndan ýadigärlik baýraklary gowşuryldy.


Ýaş bilermenleriň arasynda „Nebitçide“ ýol hereketiniň düzgüni boýunça geçirilen bäsleşikler bilen bir hatarda woleýbol, şaşka we küşt, şeýle hem surat çekmek, plastilinadan şekil ýasamak boýunça kiçi spartakiada guraldy. Bu bäsleşige gönüden-göni „Nebitçide“ dynç alýanlar gatnaşdylar, bu merkeziň myhmanlary bolsa bu ýaýbaňlandyrylan bäsleşige gyzyklanma bilen syn etdiler.

„Çeşme“ sagaldyş-dynç alyş merkezinde paýtagtyň Arçabil etrap häkimliginiň gatnaşmagynda „meniň Watanymyň tebigaty“ ady bilen guralan merkezara döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak baradaky maglumatlary berdiler, mekdeplerde ylmy gurnaklarda geçirýän özleriniň ilkinji ylmy gözlegleriniň jemlerini görkezdiler, ýörite wagyz ediş toparlary temariki sahnalary görkezdiler. „Altyn damja“ çagalar sagaldyş merkeziniň topary bu bäsleşikde saýlanmagy başardy.

„Nesil“ çagalar sagaldyş merkezi „Biz – Oguzhan nesilleri“ ady belen watansöýjülik çäresiniň geçirilen ýeri bolday. Bu çäre hereketli milli oýunlaryň görnüşinde guraldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň artistler topary öz täsin çykyşlary bilen bu ýerdäki galary we ulylary begendirmek bilen, bäsleşige gatnaşyjylara sowgat hökmünde sirk çykyşlaryny guradylar.„“ „“ „“

Şeýle hem tomsuň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklaryna degişli bolamn „Demirýolçy“ sagaldyş merkezinde „Şadyýan startlar“, asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça „Watana bolan söýgi“ atlary bilen merkezara bäsleşigi geçirildi.

Çagalar dynç alyşyny guraýjylaryň belleýişleri ýaly, Gökdere tebigy sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin olaryň hemmetaraplaýyn ösmeklerine gönükdirilen dürli çärelerden ybarat bolan baý mazmunly maksatnamalar bütin tomsuň dowamynda geçirmek meýilleşdirildi. Hemişe bolşy ýaly çagalar üçin çeperçilik muzeýlerine, paýtagtyň we onuň golaýynda ýerleşýän ajaýyp gözel ýerlerine, Janly tebigatyň muzeýine öwrenijilik syýahatyny guramak göz öňünde tutulýar. Bu ýerdäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bolsa birnäçe döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar. Olardan „Galkynyş“ toparyndan Döwlet sirkiniň, gurjak teatrynyň we ýurduň beýleki teatrlarynyň artistlerini, şeýle hem paýtagtyň Çagalar we ýetgijekler köşgüniň gurnaklarynyň okuwçylaryny we beýlekileri görkezmek bolar.

Däp boýunça her tomus çalşygynda sportuň dokuz görnüşi boýunça spartakiadalar, ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirilýär. Dynç alyş günleri dynç alýan çagalaryň ata-eneleri üçin ilkinji sapar „Açyk gapylar güni“ geçiriler. Onda olar çagalar bilen birlikde bilelikde geçirilýän sport estafetalaryna, intellektual wiktorinalara we döredijilik çärelerine gatnaşarlar.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini esasy guraýjysy bolan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda ýurduň beýleki iri jemgyýetçilik guramalary, Sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guraýan şeýle çäreleri Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde hem geçirilýär.