Ï Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze desgalar ulanmaga berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze desgalar ulanmaga berilýär

view-icon 632
Şu gün ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde nobatdaky durmuş maksatly desganyň – täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Ol welaýatyň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýrmasy boýunça hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy we körpeleriň 140-sy üçin niýetlenendir.

Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap çagalar bagynda irden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar. Çagalaryň çykyşlary bolsa bu dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu şanly waka mynasybetli körpeleri gutlamaga welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular geldiler.

Dabara gatnaşyjylar ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň döwletiň ileri tutulýan wezipleriniň hataryna çykarylandygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň ýurdumyzyň mekdep ýaşyna çenli edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendigini biragyzdan bellediler. Olar parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň durmuş ugurly bolmagy türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda okgunly ösüşi şertlendirdi.

Täze çagalar bagynda körpeler üçin ähli şertler – ýumşak we owadan mebelli oňaýly ýatakhanalar, oýun otaglary, sapaklary geçmek üçin ýagty we giň otaglar, lingafon enjamlary we kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz zaly, göwnejaý naharhana, lukmançylyk otagy göz öňünde tutuldy. Çagalar oňat abadanlaşdyrylan açyk meýdançada hem özleriniň wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirip bilerler. Şol ýerde oňat bezelen telärler, pawilýonlar, hiňňillikler çagalaryň hyzmatynda bolar, şeýle hem şol ýerde meşhur ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri ornaşdyryldy.

Täze desganyň açylyş dabarasynda iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.