Şu gün Mary etrabynyň Mülkbagşy geňeşliginde durmuşda wajyp ähmiýetli nobatdaky täze binanyň – 180 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Obanyň döwrebap binagärlik keşbini bezän täze jaý ýerli çagalar üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Olar ata Watanymyzyň ähli bagtyýar çagalary ýaly döwlet Baştutanymyzyň aladasyny içgin duýýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşdan ugur alýan syýasaty ýöretmegi netijesinde Türkmenistanda ýaş nesli sazlaşykly terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler döredildi.
Bu barada dabarada çykyş edenler we myhmanlar – welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar buýsanç bilen, hoşallyk bildirmek arkaly aýtdylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň öňden görüjiliklidigini we üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler.
Hususy kärhananyň gurluşykçylary bu çagalar bagyny guran mahalynda döwrebap gurluşyk we bezeg materiallaryny ulandylar. Täze iki gatly binada dürli ýaşdaky çagalaryň her bir toparynyň göwnejaý dynç almagy, başlangyç bilimleri edinmegi we döredijilik ukyplaryny ösdürmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde öwrenmek üçin giň we ýagty otaglar, kompýuter öwrenilýän otaglar, oýun oýnalýan we ýatylýan ýerler bar. Şeýle hem aýdym-saz we oýun oýnamak üçin niýetlenen giň zal, telärli daşky meýdançalar, nahar edinilýän ýer, lukmançylyk nokady bar. Çagalar şäherjiginiň daş-töweregi bagy-bossanlyga büreldi we ertekilerdäki gahrymanlaryň şekilleri bilen bezeldi.
Däp bolşy ýaly, dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem döredijilik toparlary çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri joşgunly wasp etdiler.