Ï Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň ykrar edilmegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň ykrar edilmegi

view-icon 667
Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde «Ilatyň saglygy –Arkalaşygyň ýurtlarynyň gülläp ösüşiniň esasy» ady bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň II Döwletara forumyna gatnaşan türkmen wekiliýetine «Ilatyň saglygyna goşulan goşant üçin» diýen medal we degişli diplom gowşuryldy.

Bu ýokary sylag hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyz we onuň abadançylygy hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasyny nazarlaýan syýasatynyň nobatdaky gezek ykrar edilýändigini alamatlandyrdy.


Döwletimiziň milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny, şol sanda saglygy goraýşy öz içine alýan özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi dünýä jemgyýetçiliginiň, iri halkara we sebitleýin guramalaryň we düzümleriň, şol sanda GDA-nyň uly gyzyklanmalaryna we ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Biziň ýurdumyz bu düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýrayn ähmiýet berýär.

Uzak ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýobaşçylyk eden we bu möhüm ugur boýunça döwlet syýasatynyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasyny düzdi. Onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamy ilata edilýän hyzmatyň görnüşlerini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly dünýä ülňüleriniň ýokary derejesine çykdy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen anyk çäreleriň hatarynda saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çäreleriniň düýpli artdyrylandygyny, häzirki zaman jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegi üçin zerur şertleriň döredilendigini, çagalaryň we ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de sportuň wagyz edilýändigini görkezmek bolar.

Ulgamyň düzüminiň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýändigini bellemeli. Tutuş ýurdumyzda iň täze tehnikalar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, bejeriş-öňüni alyş edaralary, şeýle hem häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bejeriji serişdeleriň we ýerli çig mallaryň esasynda lukmançylyk önümleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berýän ýurdumyzyň derman senagatynyň täze möhüm desgalary yzygiderli gurulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, akademik Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky ýyllarda dünýäniň dürli dillerine terjime edilen ylmy işleri, şol sanda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopediýasy we özüniň bejerijilik häsiýeti bilen dünýäde meşhurlyk gazanan ýurdumyzyň şypahanalaryna bagyşlanan «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaby giň meşhurlyga eýe boldy. Türkmen topragynda hereket edýän ajaýyp şypahanalaryň hyzmatyndan diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, köp sanly daşary ýurtlylaryň hem peýdalanýandygyny bellemeli.

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, lukmançylyk ugry boýunça ylmy hünärmenleri taýýarlamak işlerini yzygilerli alyp barmak bilen, Türkmenistan diňe bir tejribe alşylmagy däl, eýsem, ýurdumyzyň lukmançylygyň abraýynyň belende göterilmegini, onuň gazanan ägirt uly üstünlikleriniň, wagyz edilmegini şertlendirýän giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.