Ahal: Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, etrabyň köp sanly ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda durmuş we ulag düzümine degişli birbada birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary boldy.
Olaryň biri Aşgabat—Gökdepe awtomobil ýolunyň 30-njy kilometrinde ýerleşýän köp derejeli aýlawly ýoly bolan awtomobil köprüsidir. Ony Türkiýäniň «Bahar» kompaniýasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Ikitaraplaýyn girelgesi we çykalgasy bolan bu möhüm desga milli binagärlik däpleri bilen häzirki zaman ýörelgeleriniň oýlanyşykly ulanylmagy netijsesinde bina edilen möhüm ulag çatrygy bolup durýar.
Bu ulag çatrygynyň gurluşygynda öňdebaryjy inžener-tehniki işläp taýýarlamalar sazlaşykly ulanylypdyr. Onuň tehniki çözgütlerinde agyr ýük göterijilik ukyby, ýurduň howa we geologik şertleri göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem desganyň örän ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edilipdir.
Estakada köprüsiniň umumy uzynlygy 600 metre barabar bolup, onuň her tarapynda ikitaraplaýyn gatnawy üpjün edýän we bölüji zolagy bolan ýolunyň ini 15 metrden gowrakdyr. Girelgeleriň we çykalgalaryň ini bolsa 7 metrdir. Köpriniň umumy beýikligi 7,5 metr bolup, munuň özi uly ýük göteriji ulaglaryň we ýörite tehnikalaryň bökdençsiz hereketini üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde ýörite howpsuz hereketi üpjün edýän pyýadalar üçin geçelge gurlupdyr.
Ýoluň örtüginde hili has gowulandyrylan asfaltly beton ulanylypdyr. Bu bolsa ýoluň örtüginiň ygtybarlylygyny we onuň ulaglaryň hereketine durnuklylygyny, şeýle hem hereket howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Bu ýerde ses peseldiji we gün şöhleleriniň öwüşginini aradan aýyrýan usullar oýlanyşykly ulanylypdyr.
Desganyň demirgazyk tarapynda özüniň beýik işleri bilen şöhrat gazanan we mähriban halkynyň iň ýagşy umytlarynyň, hoşniýetli arzuwlarynyň amala aşýan döwrüni-- Watanymyzyň ýagty geljegini öňünden gören, türkmeniň nesilbaşysy Oguzhanyň belent heýkeli oturdylypdyr. Heýkeliň iki tarapynda bolsa halkyň parahatçylykly we bagtyýar durmuşynyň goragynda durýan mysaly türkmen batyrlarynyň şekilleri janlandyrylypdyr.
Döwrebap desganyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr we gök zolaklar döredilipdir. Mundan başga-da, bu künjegiň yşyklandyryş derejesi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Tyllaýy agşamlarda bu töweregiň keşbi has-da gözel görünýär. Oýlanyşykly oturdylan yşyklar, ýüzlerçe ýagtylyk beriji gurallar biri-biri bilen sazlaşykly oturdylyp, olardan çykýan ýagtylyk desga özboluşly kaşaňlyk berýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ulag ulgamynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Taryhy taýdan yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz we onuň halkara ulag gatnawynyň möhüm tapgyry hökmündäki ähmiýeti häzirki döwürde has-da derwaýys häsiýete eýe bolýar. Hut şonuň üçinem biziň ýurdumyzda gurulýan häzirki zaman ulag ýollarynda dünýä ülňüleriniň üpjün edilmegi möhüm ýagdaý bolup durýar. Soňky ýyllarda gurlan onlarça inženerçilik desgalary, häzirki zaman halkalaýyn ulag ýollary, awtomobil köprüleri we estakadalar ýollaryň gatnawynyň sazlaşygyny, seýsmiki we sil akymyndan goragy üpjün edýär, hereket howpsuzlygynyň kepili bolup durýar.
Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän agyr ýükli ulaglaryň biziň ýurdumyzdan üstaşyr gatnawy barha artýar. Halkara ülňülerine doly laýyk gelýän häzirki zaman awtomobil köprüleri üstaşyr gatnawlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa sebitiň we dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki taryhy eýýamda has-da işjeňleşmegini şertlendirýär.
Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleri we durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyza halkyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy baradaky aladanyň döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna goşulandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Şanly waka mynasybetli ýörite aýdym-sazly maksatnamany taýýarlan döredijilik toparlarynyň çykyşlary bu günki çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra dabaralar Babarap obasynyň merkezi köçesinde dowam etdi. Bu ýerde häzirkizakman türkmen obasynyň täze edara ediş merkezi kemala gelýär. Bu künjekde jemgyýetçilik-medeni ähmiýeti boýunça paýtagtyň derejesinden kem oturmaýan düzüm hereket edýär. Mälim boly ýaly, golaýda bu künjekde ak mermere beslenen döwrebap «Söwda merkezi», lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazanan tehnikalary bilen üpjün edilen Saglyk merkezi guruldy we ulanmaga berildi. Köp gatly «Toý mekanynyň» gurluşygy güýçli depginde dowam edýär.
Bu gün bolsa bu ýoluň ugrunda 1500 tomaşaçy orunlyk stadiony bolan täze sport toplumynyň we 200 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabarasy guraldy. Bu desgalar biri-birine golaý ýerleşensoň, olaryň açylyşy mynasybetli guralan dabaralar bir bitewi baýramçylyga öwrüldi.
Sport toplumynyň binalarynda türgenleşmek we sportuň göreş, boks, taekwondo, aýkido, karate görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramak üçin ähli zerur şertler döredildi. Onda iki ýapyk ýüzüş howzy, aerobiko, gimnastika, tennis bilen meşgullanmak üçin otaglar, welotrenažer zaly, suwa düşülýän, lukmançylyk, tälimçiler we eminler üçin otaglar bar. Şeýle hem desganyň çäklerinde köpugurly uly sport zaly bolup, onda dünýäniň öňdearyjy önüm öndürijileriniň enjamlaryny gurnamak arkaly, kiçi futbol, woleýbol we basketbol ýaryşlaryny geçirmek hem-de türgenleşik işlerini guramak işleri üpjün edilýär. Ak mermere beslenen binanyň ýerzemininde we ýokarky iki gatynda hojalyk we tehniki ähmiýetli otaglar hem-de edara ediş otaglary bar.
Şeýlelik bilen täze binalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralar oňaýly tomaşaçy orunlary bolan ägirt uly futbol meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde ýaşajyk türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlyklaryny görkezip, görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Munuň özi biziň ýurdumyzda barha meşhurlyga we köpçülikleýin milli sport hereketiniň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny we oňa ýaşlaryň işjeň gatnaşýandygyny görkezýän aýdyň hakykatdyr. Soňra Gökdepe etrabynyň mekdepleriniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren birnäçe aýdym-sazly çykyşlary boldy. Ýaşajyk zehinler özleriniň döredijilikli çykyşlarynyň we dürli sport oýunlarynyň üsti bilen, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine badalga beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Sport meýldançalarynyň birinde türgenleşýän ýa-da sport bäsleşiklerine gatnaşýan ussat türgenleri görenlerinde bu ýere tälim almaga gelýän ýaşajyk türgenleriň özleriniň mekdep toparlarynyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda has-da yhlaslylyk görkezjekdikleri gürrüňsizdir. Munuň özi ýaryşa bolan höwesi oýarmak bilen bir hatarda türgenleriň ýeňşe bolan ruhuny göterer. Şeýle şertlerde sporta bolan gatnaşygyň derejesi üýtgeýär. Ol ýetginjeklerde sporty öz durmuşynyň möhüm tapgyryna öwürmäge bolan meýli güýçlendirýär. Hut şonuň üçinem döwletimiziň şäherleriniň we obalarynyň sport düzümleriniň düýpli özgerdilmegi ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde paýtagtymyzyň standionlaryna we sport toplumlaryna kybap derejede iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen sport toplumlary yzygiderli gurulýar.
Tutuş töweregini ylgaw ýodasy gurşap alan futbol meýdançasy we häzirki zaman münberleri bolan bu stadion halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryny guramak üçin ähli talaplar we dünýä ülňüleri göz öňünde tutulyp, bina edilipdir. Meýdançanyň kuwwatly yşyklandyryjylary onda agşamlaryna hem ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Taslamaçylar münberleriň astynda geýim çalşyrylýan, suwa düşülýän, eminler üçin ýöriteleşdirilen otaglary, ammarlary we tehniki desgalary bina edipdirler.
Sport toplumynyň eýeleýän meýdany 7 gektar bolup, onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr we ol ýerde gök zolaklar döredilipdir. Şeýle hem bu künjekde ykjam oturgyçlar, yşyklandyryjlar we özboluşly ýagtylyk berýän yşyk sütünleri oturdylypdyr. Iki sany awtoduralgadan başga-da, bu ýerde toplumy gyzgyn we sowuk suw bilen üpjün edýän, onuň ýylylygyny we salkynlygyny kepillendirýän hojalyk jaýlary bar. Bu desga Ahal welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda guruldy, «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama müdirligi baş potratçy bolup çykyş etdi. Desganyň açylyş dabarasynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ak mermere beslenen iki gatly çagalar bagy hem oba ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy. Ony hususy gurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri bina etdiler.
Baýramçylyk äheňinde bezelen binanyň öňündäki meýdançada çagalar döredijilik toparlary özleriniň belent heňli aýdym-sazly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Çagalar mähriban Watanymyz we berkarar döwrümiz hakynda goşgy okadylar we bagtyýar çagalygy peşgeş beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar mähriban Diýarymyzdaky eşretli durmuş, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýesi ugrunda berilýän üns hakynda aýtdylar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda çagalaryň şäherde ýa-da obada ýaşaýandygyna garamazdan,olaryň hemmesiniň deň şertlerdäki mekdeplere we çagalar baglaryna gatnaýandygyny bellemeli. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde birnäçe ykjam we owadan bezegli açyk çagalar meýdançalary bar. Binanyň içki bezegi hem ýokary derejede. Bu ýerde çagalar üçin ýakymly boljak ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Oýun, dynç alyş we sapak geçilýän otaglar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde çagalaryň ilkinji terbiýäni almagy we olaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri, şeýle hem bedenterbiýe bilen megullanmaklary, ene diliniň we daşary ýurtlaryň dilleriniň ilkinji usullaryny ele almaklary, arifmetika we saz dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, şeýle hem aýdym aýtmaklary, tans etmekleri, surat çekmekleri, ýelimlemek arkaly dürli şekilleri taýýarlamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.
Döwrebap binada çagalar on topara bölünip terbiýelenerler. Bu ýerde kiçi ýaşly çagalardan başlap, mekdebe taýýarlyk döwrüne çenli bolan körpeleriň toparlary hereket eder. Çagalar bagynyň dürli okuw otaglary, aýdym-saz we uly bolmadyk sport zallary körpeleriň ygtyýarynda. Çagalar bagynda terbiýelenilýänler mekdep döwrüne ykjam taýýarlanylar. Olar täze mekdep maksatnamasy esasynda terbiýe alarlar. Munuň üçin mekdebe çenli terbiýäniň degişli usullary işlenip taýýarlanyldy. Körpeler irki döwürden mekdebe taýýarlyk çärelerine girişerler.
Şeýle hem bu ýerde çagalaryň döredijilik ukybyny ösdürmek üçin dürli görnüşli oýnawaçlar we gyzykly oýun otaglary bar. Bu ýerde ýokary topardaky körpeler üçin gurnama oýnawaçlary, kitaplar, ýöriteleşdirilen otaglarda partalar we mekdep tagtasy hem-de degişli kompýuter, multimediýa we lingafon otaglar hereket edýär. Binadaky otaglaryň bezeginde hem özboluşly aýratynlyk bar. Onuň naharhanasynda çagalaryň döwrebap naharlanmagy we dynç almagy üçin ähli şertler üpjün edilipdir. Umuman aýdanyňda, bu ýerde çagalaryň sagdyn we şadyýan ösmekleri üçin ähli zatlar göz öňünde tutulypdyr.
Daşoguz welaýaty: Görogly etrabynyň dolandyryş merkezinde 350 orunlyk täze sport mekdebiniň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara boldy. Bu bina ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde guruldy.
Sport mekdebiniň açylyş dabarasyna welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň işgärleri, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulalar we ýaşlar gatnaşdylar. Çeper höwesjeňleriň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, türgenleriň görkezme çykyşlary dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Çykyş edenler ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini hem-de munuň «2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta goldaw bermek we ösdürmek baradaky Milli maksatnamada» öz beýanyny tapandygyny bellediler. Hut şonuň netijesinde häzirki wagtda, bütin ýurdumyzda bolşy ýaly, etrapda sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň ornaşdyrylýar. Ýerli ilatyň, şol sanda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlar köp.
Täze mekdep etrabyň dolandyryş merkezinde gurlan ikinji döwrebap sport mekdebidir. Bulardan başga-da, etrapda 1,5 müň orunlyk stadionly iri sport toplumlarynyň ikisi guruldy.
Täze desgada köp sanly bölümlerde sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmakdan daşgary, ýylyň islendik döwründe sport ýaryşlaryny guramak bolar. Mekdepde giň zallaryň üçüsi, şol sanda tomaşaçylar üçin gurnalan münberli esasy zalda türgenleşikleri we sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramaga mümkinçilikler döredildi. Täze sport mekdebinde eminler üçin otaglar, lukmançylyk nokady, suwa düşülýjn we geýim çalşyrylýan ýerler, dürli maksatly beýleki otaglar bar. Özbaşdak işleýän ulgamlar mekdebiň bökdençsiz hereket etmegini üpjün edýär. Şeýle hem mekdebiň abadanlaşdyrylan çäginde açyk meýdançalar we futbol oýnalýan ýer bar, şu gün şol ýerlerde ilkinji bäsleşikler geçirildi.
Soňky ýyllarda welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda şunuň ýaly köpugurly ýöriteleşdirilen mekdepleriň we stadionly sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini bellemeli. Oba ýerlerinde şuňa aýratyn üns berilýär we bu ulgamy batly depgin bilen ösdürmek dowam etdirilýär.
Lebap welaýaty: Döwletli etrabynyň Hojahaýran obasynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýylan çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen häzirki zaman Medeniýet öýi öz gapylaryny giňden we dabaraly ýagdaýda açdy.
Oba medeniýet merkeziniň açylyş dabarasy hakyky baýramçylyga öwrülip, howa şarlary, dürli reňkli baýdajyklar bilen bezelen iki gatly täze binanyň öňündäki meýdançada döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary oňa öwüşgin çaýdy.
Medeniýet öýi «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň ýerli kärhanalarynyň gurluşykçylary tarapyndan häzirki zaman binagärlik nusgasynda gurlup, tarp ýerli obanyň görküne görk goşdy. Dabara gatnaşan welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar alys obada bu ajaýyp medeniýet ojagynyň peýda bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gadymy türkmen topragynda obalary we şäherçeleri ösdürmek, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakynda edýän atalyk aladasynyň netijesi bolup durýar diýip aýratyn bellediler. Oba zähmetkeşleri döwlet Baştutanymyza edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk hem-de mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde ägirt uly üstunlikleri arzuw etdiler.
Täze Medeniýet öýi baýramçylyk dabaralarynyň, medeni aň-bilim çäreleriniň, konsertleriň geçirilýän ýerine öwrüler. 200 tomaşaçy orunlyk zaly hem-de oňat enjamlaşdyrylan sahnasy bolan Medeniýet köşgüniň köp adamly boljakdygy şübhesizdir. Häzirki zaman şähergurluşygynyň hem-de milli banagärligiň ähli talaplarynyň nazara alynmagy bilen gurlan binada aýdymçylaryň, sazandalaryň, tansçylaryň taýýarlyk görmek üçin otaglary, okalga zaly bolan kitaphana, oba muzeýi, ses ýazgylar studiýasy, çeperçilik studiýalary, iş we dolandyryş otaglary ýerleşdirildi. Täze Medeniýet öýüniň açylyş dabarasyndan soň baýramçylyk konserti boldy.
Medeniýet merkeziniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bu ýerde agaç nahallary oturdyldy, içi gülli aýmançalar döredildi, dynç almak üçin oturgyçlar goýuldy. Täze bina özbaşdak suw-ýylylyk we elektrik üpjünçilik ulgamy bilen üpjün edildi. Oba Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Döwletli etrabynda ýakynda ýene-de iki sany häzirki zaman oba medeniýet merkezleriniň gurluşygyna başlanandygyny bellemek gerek. Olaryň biri «Tallymerjen» geňeşliginiň binagärlik toplumyna bezeg berse, beýlekisi Täze durmuş obasynyň görküne görk goşar. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň gündogar welaýatynda--Seýdi şäheriniň Gabakly obasynda bina edilen häzirki zaman medeniýet merkeziniň açylyş dabarasy bolar.

* * *