Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň merkezinde täze Saglyk merkeziniň açylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy. Bu saglygy goraýyş-bejeriş edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, täze lukmançylyk tehnikasy we enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurulmagy netijesinde gazanyldy. Olaryň ulgamy Amyderýa jülgesinde durnukly giňelýär.
Etrap merkeziniň döwrebap binagärlik keşbiniň üstüni ýetiren toý görnüşinde bezelen iki gatly täze binanyň öňüne welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, şäherçäniň ilaty we myhmanlary ýygnandylar. Aýdymçylaryň, sazandalaryň, tansçylaryň, estrada we halk döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary bu ýere baýramçylyk öwüşgini berdi.
Dabara gatnaşyjylar bu gün gapylaryny giňden açan Saglyk merkeziniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň saglygy barada edýän aladalarynyň aýdyň tassyklanmasyna öwrülendigini bellediler. Ýurdumyzda bina edilýän köp sanly saglygy goraýyş edaralary amala aşyrylýan hyzmatlaryň gerimini görnetin giňelden lukmançylygyň okgunly ösüşini aýdyň beýan edýär. Şu işde ýerlerde öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglyk merkezleriniň gurluşyklaryna möhüm orun berilýär.
Köpugurly Saglyk merkezinde ýüz tutanlara anyklaýşy we maslahat berşi goşmak bilen, lukmançylyk hyzmatlarynyň giň topary boýunça zerur kömekler berler. Onda rentgen, ginekologiýa, terapiýa we sanjym otaglary, ýürek urşuny hem-de bedeniň içki agzalaryny barlagdan geçirýän otaglar, maşgala lukmanlarynyň otagy, gündizleýin bejergi alynýan otaglar, barlaghana bar. Saglyk merkezinde zerur bolan derman we lukmançylyk serişdeleri satylýan dermanhana müşderilere hyzmat edýär. Merkeziň çägi abadanlaşdyrylan, bagy-bossanlyga bürenen, özbaşdak ýyladyş hojalygy, howanyň ýylylyk-sowuklygyny sazlaýyş ulgamy bar.
Bu ajaýyp Saglyk merkezini Lebap welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça hususy kärhananyň gurluşykçylary bina etdiler. Olaryň tapawutlananlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.