Ï Türkmenistanda Neşeleriň sarp edilmegine we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Neşeleriň sarp edilmegine we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni bellenildi

view-icon 737
Kasamly jülgede şu gün tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda Neşeleriň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni bellenildi. Bu Halkara gün tutuş adamzada abanan şu howpa garşy durmak üçin halkara bileleşiginiň öz tagallalaryny jebisleşdirmeginiň beýany hökmünde BMG tarapyndan esaslandyryldy.

Türkmenistan neşe serişdelerine garşy barlyşyksyz göreşe -- adamzadyň bu ählumumy meselesiniň çözülmegine döwlet derejesinde işjeň gatnaşýar we köpsanly ýurtlar üçin oňat görelde bolup biler. Şu günlerde tutuş ýurdumyzda köp sanly masalahatlaryň, bäsleşikleriň, sport-sagaldyş ýaryşlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we din wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz ediş çäreleriniň geçirilmegi munuň subutnamasydyr. Bu çäreleriň ählisi “Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny” ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen tassyklanan “Neşeleriň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni mynasybetli, 2013-nji ýylyň 18-26-njy iýuny aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji iýunda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda bu Buýruga gol çekmek bilen, Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak bilen, tutuş dünýä bileleşigi bilen raýdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Şu gün irden Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülgede şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň barşynda ele salnan neşe maddalarynyň uly tapgyryny ýok etmek boýunça geçirilen nobatdaky çäre türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň häzirki döwürde tutuş adamzat üçin howply wehimleriň birine garşy aýgytly göreşýändigini tassyklaýan nobatdaky subutnama öwrüldi. Neşeleriň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara gününe gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, esasy halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODС) işgärleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri 230 kilogramdan gowrak neşe serişdeleriniň ýok edilmegine şaýat boldular.

Gaçak harytly haltalar we gaplar yzly-yzyna ýörite peçlere atylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu peçler halkara kadalaryna laýyklykda guruldy we neşe serişdelerini dolulygyna ýok edýär. Şunda neşe serişdelerini ýok etmegiň özi bellenilen düzgünlere laýyklykda we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gözegçilik etmeginde geçirilýär.

Bu çärä gatnaşyjylar onuň möhüm ähmiýetlidigini belläp, Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we jenaýatçylyga garşy göreşilmegine ygrarlylygyny oňladylar. Ýurdumyz parahatçylygyň we giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine esaslanýan syýasaty yzygiderli amala aşyryp, dünýä bileleşiginiň häzirki döwürdäki howplara garşy göreşmek ugrundaky bilelikdäki tagallalaryna işjeň goşulyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan neşeleriň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça BMG tarapyndan 1961, 1971-nji we 1988-nji ýyllarda kabul edilen halkara Konwensiýalarynyň üçüsine işjeň gatnaşyjy we 2012-2015-nji ýyllarda BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça toparynyň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen özara arkalaşykly hereket edýär. Bulardan daşga-da, Türkmenistan Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýa sebitleýin maglumat beriş - utgaşdyryş merkezini döretmek hakyndaky Ylalaşyga işjeň gatnaşýar.

Ýurdumyz neşekeşlige garşy aýgytly we barlyşyksyz göreşilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, öz halkara borçnamalaryny berk berjaý edýär. “Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyna” laýyklykda, Garaşsyz ata Watanymyzda neşe serişdeleriniň bikanun getirilmeginiň öňüni almak, neşekeşligi ýüze çykarmak we öňüni almak boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şunda bu iş hukuk goraýjy edaralary, gümrük we serhet gulluklary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly toplumlaýyn alnyp barylýar.

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyny has netijeli amala aşyrmak maksady bilen, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça döwlet gullugy döredildi, geçen ýylda bu gulluk Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sebitleýin we milli taslamalaryň birnäçesi, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamalary amala aşyrylýar, bular neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşilmegine, serhetdäki gözegçiligiň güýçlendirilmegine gönükdirilendir.

Şu ýylda Neşeleriň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni “Goý, sagdyn durmuş seniň esasy ýörelgäňe öwrülsin!” diýen şygar bilen bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüniň alynmagyna we sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilýändigini aýtman geçmek bolmaz. Tutuş ýurdumyzda döwrebap stadionlaryň, bedenterbiýe – sagaldyş toplumlarynyň, sport zally we suwa düşülýän howuzly täze mekdepleriň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hut türkmen döwletiniň Baştutanynyň sport çärelerine gatnaşmagy jemgyýet, ilkinji nobatda ýaşlar üçin oňat göreldedir.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen tarapyndan ählumumy howpa garşy durmak bilen baglylykda uly ähmiýete eýe bolan hem-de sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly başlangyjyna goşulmaga mümkinçilik döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.