Ï Baýramçylyk jaý toýy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylyk jaý toýy

view-icon 563
Paýtagtymyzda prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin ýokary amatlykly iki sany bäş gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň döredilmeginiň 21 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu waka döwletimiziň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada edýän yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Olar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini berkitmäge, kanunçylygy pugtalandyrmaga ägirt uly goşant goşýarlar. Bu bolsa häzirki zaman türkmen jemgyýetinde raýat parahatçylygynyň we asudalygyň esasy bolup hyzmat edýär.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen amatly jaýlaryň her birinde giň öýleriň 40-sy ýerleşýär. Öýleriň ählisi häzirki zaman durmuş enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Aşhanalarda we öýlerde mebeller goýlupdyr. Ýaşaýjylar üçin ýerasty awtoduralgasy hem bar. Jaýlaryň töwereginde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, däp-dessurlary berjaý etmäge niýetlenen bassyrmalar bar.

Şu gün Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň binasynyň mejlisler zalynda prokuratura edaralarynyň döredilmeginiň 21 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat boldy. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu baýramçylyk mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, özleriniň işlerini kämilleşdirmäge berilýän üns, netijeli işlemek üçin döredilýän şertler we işgärleriň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hemmetaraplaýyn aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimize bagt, berk jan saglyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gülläp ösmegine we mähriban halkymyzyň bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

* * *

Prokuratura edaralarynyň täze jaý toýy mynasybetli şatlygyny şu gün Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri hem paýlaşdylar.

Şu gün paýtagtymyzda her birinde 40 öý bolan iki sany 5 gatly ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Aşgabatly maşgalalaryň 80-si ýokary amatlykly, aşhana mebelleri, häzirki zaman durmuş enjamlary we howa sowadyjy ulgamlar bilen üpjün edilen iki we üç otagly öýleriň eýeleri boldular.

Jaýlaryň töweregindäki abadanlaşdyrylan ýerlerde çaga oýnar ýaly we sport meýdançalary ýerleşdirilipdir. Dabaraly çäreleri geçirmek üçin ýörite meýdançalar, ýerasty awtoduralgalar hem göz öňünde tutulypdyr.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi aýdyň öwüşginli, ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi. “Watançy” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýörite konsert berildi. Täze öý eýeleriniň şatlygyny paýlaşmaga gelen köp sanly märeke baýramçylyk şagalaňyny has-da artdyrdy.

Täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde öý eýeleri türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän hemişelik aladasy, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň we möhüm durmuş desgalarynyň gurulýandygy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdiler.