Ï Ösüşiň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ösüşiň täze belentliklerine tarap

view-icon 1075
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly saýlanan eserleriniň nobatdaky, 6-njy jildi çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlandy.

Türkmen we rus dillerinde neşir edilen kitapda biziň ýurdumyzyň öz ösüşiniň täze tapgyryna--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam urmagyny alamatlandyran 2012-nji ýylyň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň eden maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, interwýulary, gutlaglary we ýüzlenmeleri hronologik tertipde ýerleşdirilipdir. Türkmen jemgyýetiniň durmuşynda şöhratly we röwşen wakalara baý bolan şol ýyl ýurdumyzyň ýakyn we uzakmöhletli geljegine täze üstünlikler üçin mäkäm binýadyň düýbüni tutdy. Muňa milli Liderimiziň şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda nygtalyşy ýaly, döwlet ösüşiniň netijeleri biziň ýurdumyzy düýpli özgertmäge, onuň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda geçen ýyl ýene bir möhüm ädimiň ädilendigine şaýatlyk edýär.


Täze neşiriň mazmunyna syn bermek bilen, onuň girişinde täze taryhy eýýama giňişleýin häsiýetnama berlendigini, onuň esasy häsiýetleriniň we aýratynlyklarynyň açylyp görkezilendigini nygtamak gerek. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň – döwletiň we jemgyýetiň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, umumy abadançylygyň hatyrasyna netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen täzeçil içeri we daşary syýasatyň awtorynyň köptaraply işleri giňden beýan edilýär. Kitapda getirilen maglumatlar we sanlar durmuşyň hemme ugurlary boýunça biziň ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerini, şeýle hem türkmen halkynyň abadançylygynyň yzygider ösüşini aýdyň beýan edýär.

Umuman, okyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hronologik tertipde ýerleşdirilen işleriniň 123-si bilen tanşyp bilerler. Olaryň köp bölegi Türkmenistanyň ykdysady, durmuş we medeni syýasatynyň meselelerine bagyşlanandyr. Ruhy gymmatlyklara we iň oňat milli däplere hormat goýmak, olaryň şu güni we geljegi baradaky hemmetaraplaýyn aladalar bilen Watana bolan çuňňur söýgi nobatdaky jilde girizilen makalalardyr çykyşlaryň we beýlekileriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Mundan başga-da, giň okyjylar köpçüligine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýän esasy makalalar hödürlenýär. Olar sebitde we dünýäde bolup geçýän geosyýasy işleri, döwlet Baştutanymyzyň uzakdan görüji we pragmatik daşary syýasy ýörelgesiniň durmuşa geçirilişiniň yzygiderliligini şöhlelendirýär. Olar biziň ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň, ornunyň we täsiriniň näderejede ýokary göterilendigini aýdyň görkezýärler. Olaryň ählisinde dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gumanitar ulgamynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatyň işjeň durmuşa geçirilýändigi görkezilýär.

Nobatdaky jildiň sahypalarynda şeýle hem täze taryhy tapgyrda türkmen döwletiniň ýokary depginli we wakalara baý durmuşynyň giň keşbi giňden beýan edilýär. Neşir gadymy türkmen topragymyzda bolup geçýän beýik özgertmeleriň we täzelenişiň aýdyň alamatlary hakyndaky möhüm ylmy-resminamalaýyn çeşme bolup durýar. Ol taryhy, syýasatşynaslygy, jemgyýeti öwrenişi, seljeriş gözlegleri mundan beýläk hem ösdürmek üçin, nazaryýet we amaly gymmatlyga eýedir. Şeýle hem kitaba girizilen makalalardyr beýleki görnüşli çykyşlaryň ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmet söýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, raýatlyk jogapkärçiligi duýgusyny pugtalandyrmakda belli bahasynyň ýokdugyny nygtamak gerek.

Neşir Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny şekillendirýän, 2012-nji ýylda bolup geçen iň bir ähmiýetli wakalaryň gysgaça surat hronikasy bilen jemlenýär.