Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde „2013-2017 ýyllarda ilaty sagdyn iýmitlendirmek milli maksarnamasyny“ amala aşyrmak boýunça Edarara utgaşdyryjy işçi toparyhynyň (EUT) mejlisi geçirildi. Onuň işine bu maksatnamany amala aşyrmaga degişli bolan ýurduň dürli ministrlikleriniň we guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
„2013-2017-nji ýyllarda ilaty sagdyn iýmitlendirmek milli maksatnamasy“ we „2013-2017-nji ýyllar döwründe ilaty sagdyn iýmitlendirmek milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy“ şu ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklandy. Bu resminamalar iýmitlenmek ulgamynda toplumlaýyn syýasaty emele getirmegiň netijeli usulyny döretmäge gönükdirilendir. Bu bolsa iýmitlenmegiň kadalarynyň pozulmagy sebäpli köp sanly ýokanç däl keselleriň ýaýramagynyň azalmagyna öz oňaýly täsirini ýetirýär. Iýmitlik harytlaryň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň netijeli iýmitlenmek meseleleri bilen habarly bolmagynyň derejesini ýokarlandyrmak maksatnamada göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa ynsanyň ýaşaýyş durmuşynyň esasy özeni bolup durýar.
Maslahata gatnaşyjylar maksatnamany durmuşa ornaşdyrmagyň ilkinji netijelerine, onuň çäklerinde şu ýylyň ahyryna çenli amala aşyrylmagy göz öňünnde tutulýan çäreleri taýýarlamak bilen bagly meselelere garadylar. Şeýleleik bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň buýrugy bilen Edara çäreleriniň meýilnamasy, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramalary we edaralary tarapyndan sagdyn iýmitlenmek boýunça düşündiriş we öwrediş işlerini geçirmegiň düzgüni tassyklandy.
Maslahata gatnaşyjylaryň ählisi maksatnama degişli bolan ministrlikler we guramlar tarapyndan bir wagtda tassyklanjak sagdyn iýmitlenmek boýunça düşündiriş işlerini geçirmegiň işlenilip taýýarlanylan meýilnamasynyň taslamasy bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem degişli ministrlikleriň we guramalaryň ählisi sagdyn iýmitlenmek boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öz pudaklaýyn meýilnamlaryny tassykladylar. Mundan hem başga, welaýatlaryň we paýtagtyň saglygy goraýyş müdirlikleriniň we sanitar-epidemologiýa gulluklarynyň sebitleýin meýilnamalary işlenilip taýýarlanyldy.
Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda, haçan-da mekdep okuwçylarynyň müňlerçesiniň Gökderede, Awazada, welaýatlarda we atraplarda tomusky dynç alyş günlerinde lukmanlar, sanitar-epidemolgiýa gullugynyň we bilim ulgamynyň hünärmenleri dynç alýan çagalaryň we ýetginjekleriň sagdyn iýmitlenmek meselelerini aýratyn gözegçilikde saklaýandyklaryny nygtadylar. Şeýle hem bir wagtda mekdeplerde hem iýmitlenmegiň şertlerini gowlandyrmak boýunça hem işler geçirilýär. Mekdeplerde iýmit bölümlerini abatlamak, ýyladyş we sowadyjy enjamlaryny çalyşmak işleri geçirilýär. Birinji synp okuwçylarynyň – alty ýaşlylaryň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmek üçin talaplar we iýmitlenmek kadalary işlenilip taýýarlanylýar.
Hünärmenler häzirki wagtda öňüni alyş we mikronutriýent ýetmezçilik boýunça çäreleriň çäklerinde ýod ýetmezçiliginiň we anemiý keselleriniň öňüni almak meselelrine uly üns berýärler. Bu maksatlar üçin ýurtda duzy ýodlaşdyrmagyň we unyň ýokary we 1-nji görnüşlerini foliýe kislotasy hem-de demriň sulfaty bilen baýlaşdyrmak ýola goýuldy.
EUT maslahatynyň ahyrynda Milli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça işçi toparynyň agzalarynyň pikirleri we teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.