Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar syagaldyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Mekdebiň ýanyndaky tomusky dynç alyş meýdançalary çagalaryň arasynda meşhurlykdan peýdalanýar.
Çagalar üçin niýetlenen mekdebiň ýanyndaky tomusky dynç alyş meýdançalary alty ýaşdan on dört ýaşdaky çagalary kabul edip, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hereket edýärler. Olar tölegsiz esasda günortana çenli hereket edýärler. Ýöne dört sagatlyk gysga wagta garamazdan, dynç alýan çagalar üçin bu ýer diýseň gyzykly.
Bu ýerde olar üçin bäsleşikler, gözýetimini giňeldýän gezelençler, dynç alyş –güýmenje merkezlere gezelençler, çagalar üçin spektakllara „ýörişler“ we sport çäreleri gurnalýar. Döredijilige höweslerini artdyrmak maksady biln birnäçe döredijilik gurnaklarda işler alnyp barylýar.
Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň habaryna göra paýtagtymyzda mekdebiň ýanyndaky tomusky dynç alyş meýdançalaryň on üçisi hereket edýär. Mysal üçin №№ 1, 3 we 31-nji orta mekdeplerinde döredilen tomusky dynç alyş meýdançalarynda ýakynda ýerleşen on sany , ýagny №№ -2, 18, 20, 26, 32, 34, 38, 41, 42 we 56-njy mekdepleriň okuwçylary hem wagtyny hoş geçirýärler.
Her tomus möwsüminde paýtagtymyzyň okuwçy çagalar üçin niýetlenen mekdebiň ýanyndaky tomusky dynç alyş meýdançalarynda 1300 sany çaga dynç alýar. Bu meýdançalarda iri çagalar dynç alyş merkezlerindäki ýaly 3-4 dynç alyş tapgyrda bolman iki sany tomusky tapgyra bölünýär. Sebäbi mekdepleri we olaryň meýdançalaryny täze okuw ýylyna taýýarlamaklyk işleri başlanýar. Şonuň bilen baglylykda bu meýdançalarda 23-nji iýul soňky dynç alyş güni bolýar.