Ï Türkmeniň ak bugdaýynyň hormatyna täze neşir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmeniň ak bugdaýynyň hormatyna täze neşir

view-icon 846
Galla baýramynyň öňüsyrasynda “Bagtyýarlyk döwrüniň rysgal-berekedi ak bugdaý” atly kitap neşir edildi. Galla baýramy mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde 13-nji iýulda giňden bellenilip geçiler. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi we Watan harmanyna sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrmagy şu gezekki baýramçylyk çäreleriniň dabarasyny has-da artdyrýar.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, hususan-da, däneçiligi ösdürmek meselelerine bagyşlanan täze neşirde anyk mysallaryň üsti bilen milli Liderimiziň başlangyjy boýunça oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýetiň bu ulgamynyň köpugurly häzirki zaman düzümini döretmek boýunça yzygiderli ädilýän ädimler beýan edilýär. Şol ädimler bolsa döwlet syýasatynyň strategiki maksatlarynda hem-de wezipelerinde öz aýdyň beýanyny tapýar.


Kitabyň girişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Edermen babadaýhanlarymyzyň köp yhlas siňdirip, ýylboýy çeken zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol bugdaý hasyly eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletimiziň abadançylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr, gadymy topragymyzyň hiç mahal egsilmejek rysgal çeşmesidir” diýen sözleri getirildi.

Neşir döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna iberen Gutlagy bilen açylýar. Bu gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Gallaçy daýhanlarymyzyň ýylboýy çeken zähmetiniň netijesi bolan galla öndürmekde gazanylan bu uly üstünlik ýurdumyzda giňden bellenýän Galla baýramyna mynasyp sowgatdyr, asuda durmuşda bagtyýar ýaşaýan halkymyzyň halal saçaklarynyň rysgal-berekedidir, barha galkynýan we kuwwatlanýan döwletimiziň abadançylygynyň, berkararlygynyň, azyk bolçulygynyň kepilidir”.

Kitaba hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň 1944-nji ýylda, on iki ýaşyndaka ýazan “Köp ekeliň, dänäni!” diýen goşgusynyň girizilendigi bellärliklidir. Şol gazaply ýyllarda “Kirowçy” etrap gazetinde neşir edilen bu goşgy setirleri Kirow etrabynyň ýaşaýjylaryny zähmet edermenligine ruhlandyrdy.

“Türkmenistan ak bugdaýyň watanydyr” atly makalada taryhy maglumatlar bolsa keremli hem sahawatly türkmen topragynyň bugdaýyň ilki dörän mesgeniniň biridigini kesgitli subut edýär diýlip bellenilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde Jeýtun medeniýeti baradaky, şeýle hem ylmy makalalardan we arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijelerinden alnan maglumatlar getirilýär. Bellenilişi ýaly, türkmen halky gadymy ekerançylyk merkezleriniň birini döreden halk hökmünde dünýä siwilizasiýasynda mynasyp orna eýedir.

Kitapda okyjylara synlar hem hödürlenilýär. Olarda täze eýýamda oba hojalyk pudagyny ösdürmek strategiýasynyň esasy meseleleri jikme-jik beýan edilýär. Oba hojalygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler obany düýpli özgertmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, ylmyň gazananlaryny oba hojalygyna ornaşdyrmagyň, oba hojalyk önümçiligini kämil tehnikalar bilen üpjün etmegiň, täze ýerleri açmagyň we olardan rejeli peýdalanmagyň, suwy aýawly ulanmagyň hasabyna ykdysady kuwwaty berkitmäge gönükdirilendir. Bu ulgamda ädilýän ädimler netijesinde, Türkmenistan häzirki wagtda azyk howpsuzlygyny doly üpjün edýän döwlete öwrüldi. Häzirki wagtda mähriban Watanymyz azyklyk bugdaýy eksport edýän ýurt hökmünde dünýä bazarlarynda öz ornuny barha berkidýär.

“2012-2016-njy ýyllar üçin ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamasyny” hem-de “2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda täze elewatorlary we degirmen toplumlaryny, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary gurmaga uly üns berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň, şol sanda gallaçy daýhanlaryň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär, babadaýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Bu bolsa olary täze zähmet üstünliklerine, has ýokary sepgitlere galkyndyrýar. Merdana daýhanlarymyzyň ene topraga bolan yhlasyny, ondan bol hasyl almaga, halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaga höwesini artdyrýar, şeýle hem ata-babalarymyzdan gelip ýeten daýhançylyk däplerini has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Kitabyň sahypalarynda ýerleşdirilen owadan suratlar onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Şol suratlarda gadymy türkmen ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşlary hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşi şöhlelendirilýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşiriň giň okyjylar köpçüliginde, şol sanda daşary ýurtly okyjylarda uly gyzyklanma döretjekdigi şübhesizdir.

Ýokary derejede neşir edilen kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykaryldy.