Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş Ylmy-kliniki merkezi soňky 35 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu ulgamda ýurduň esasy lukmançylyk edarasydyr. Onuň hünärmenleri reproduktiw ýaşdaky zenanlaryň we çagalaryň has ýaýran keselleriniň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrýarlar, welaýat we etram lukmançylyk edaralaryna metodiki, maslahat beriş hem-de praktiki kömegini berýärler.
Çaga dogulýan öýlerde çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek usulynyň aýratyn ýörelgeleri iş ýüzüne ornaşdyrylýar, çagany alty aýa çenli diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek wagyz edilýär. Türkmenistanda 1998-nji ýyldan bäri Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bäbekleriň 95 göteriminiň dünýä inýän ýerleri bolan çaga dogulýan öýleriň 87 göterimi Çaga hoşniýetli gatanaşygy bolan hassahana diýen halkara şahadatnamasyna eýe boldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä çaga diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilende bäbek keselleri 4-5 esse aşşaklanýar, çaga ölümi bolsa – 13 göterim azalýar. Häzirki wagtda ene süýdi bilen dowamly iýmitlendirmegi goldamak maksady bilen saglygy goraýşyň birinji zwenosynyň lukmanlaryny Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalary we kiçi ýaşdakylary iýmitlendirmek maksatnamasy boýunça okadylýar.
Şeýle hem Amemiýanyň profilaktikasy we oňa garşy göreşmek, Çaga ýaşyndaky keselleri alyp barmagyň integrirlenmegi, Howpsuz enelik maksatnamalary we beýlekiler üstünlikli durmuş ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediljek we eneler we çagalar üçin gerek bolan hyzmatlary etjek Enäni we çagany goramagyň ylmy-kliniki merkezini gurmak barada ýakynda kabul eden karary netijesinde guruljak Ennäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurulmagy bilen bu işiň netijeliligi has hem aýan bolar.