Ï Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 574
Şu gün Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherinde Ahal welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurlan, birinji gatynda dükan bolan, ikisi 32 öýli we biri 24 öýli üç sany ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyşy boldy.

Bu jaýlaryň her birinde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 2-3-4 otagly öýler göz öňünde tutuldy. Olaryň içerki otaglary häzirki zaman we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleri bilen timarlandy. Asma üçekler, parket pollar, gaz plitaly, mebel bilen üpjün edilen aşhanalar öýlere aýratyn amatlylyk we oňaýlylyk berýär. Jaýyň daşyna ak mermer, öň tarapyna bolsa granit örtülipdir. Senagat we azyk harytlaryny satýan söwda dükany täze jaýlaryň biriniň tutuş uzaboýna ýerleşýär.

Täze desgalaryň töweregi bagy-bossanlyga öwrülipdir, bu ýerde agaç nahallarynyň ýüzlerçesi oturdylypdyr, ýaşyl aýmançalaryň aralygyndaky ýodajyklarda oturgyçlar we yşyklandyryş enjamlary goýlupdyr. Çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin meýdançalar bar.

Täze köp gatly jaýlaryň ak mermere örtülen täze desgalar toplumynyň üstüni sazlaşykly ýetirendigini belläp geçmeli, olar şäheriň merkezi köçesiniň ugrunda gurulýar, şol ýerde beýleki durmuş ähmiýetli desgalar – umumybilim berýän orta mekdep, çagalar bagy, medeni-dynç alyş, söwda merkezleri guruldy hem-de gurulýar .

Asylly däbe görä, şu açylyş çäresi döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne häsiýetli dabaraly we baýramçylyk ýagdaýynda geçirildi. Jaý toýuny tutýanlar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar, gurluşykçylar öz çykyşlarynda türkmenistanlylary has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň milli Liderimiz tarapyndan ýöredilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendigini buýsanç bilen nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, şol gurluşykçylaryň iň oňatlaryna jaý toýy baýramçylygynda gymmatly sowgatlar gowşuryldy.