Ï Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary

view-icon 699
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň ählihalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Birata etrap merkezinde häzirki zaman saglyk merkezi ulanmaga berildi.

Iki gatly döwrebap bina şäherçäniň binagärlik keşbi bilen sazlaşygy emele getirdi. Täze binanyň açylyşy mynasybetli guralan dabara şäherçäniň ilaty we onuň myhmanlary, welaýat we etrap häkimlikleriniň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.


Bu ýerde çykyş edenleriň belleýşleri ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen gadymy türkmen topragynda milli saglygy goraýaş ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýerlerde döwrebap, iň täze lukmançylyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan saglyk edaralarynyň döredilmegi bu derwaýys maksatnamanyň möhüm bölegi bolup durýar. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, täze desga Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik başlangyçlarynyň amala aşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Diňe soňky iki ýylyň dowamynda bu sebitde saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap desgalaryň onusynyň açylyş dabarasy guraldy.

Täze saglyk öýi Lebap welaýatynyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýrmasy esasynda ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi. Dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Köpugurly saglyk öýünde näsaglara lukmançylyk ulgamy boýunça hyzmatlaryň giň görnüşleri hödürlener. Onda anyklaýyş we maslahat beriş bölümleri hereket eder. Merkezde terapiýa, ginekologiýa, hirurgiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, rentgen otaglary, UZI, EKG bölümleri, maşgala lukmanlary üçin otaglar, barlaghana, gündizki kabul ediş bölümi işleýär. Merkez dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary we tehnikalary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ýokary hünärli lukmanlar we şepagat uýalary gündelik işleri ýerine ýetirerler.

Munuň üçin bolsa ähli zerur şertler döredilipdir. Saglyk merkezinde özbaşdak sowadyjy we ýyladyjy ulgam, suw, energiýa üpjünçiligi hereket edýär. Merkeziň ýanaşyk ýerler göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.

Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy we abadançylygy ugrunda ýadawsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Çetdäki obalarda we şäherçelerde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de durmuş ulgamyna degişli beýleki desgalaryň gurulmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanydygyny bellemek bilen, bu ýere ýygnananlar milli Liderimize berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.