Ï Saglygy goraýyş ulgamynyň at gazanan işgärlerine hormat-sarpa goýulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglygy goraýyş ulgamynyň at gazanan işgärlerine hormat-sarpa goýulýar

view-icon 752
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagat işgärleriniň gününe bagyşlanan dabara boldy.

Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri” diýen hormatly ada mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine hormat–sarpa goýuldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşandyklary üçin hem-de ilatyň saglygyny goramakda gazanan üstünliklerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli şeýle hormatly ada Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň dosenti Bibi-Niýaz Akiýewa, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri Nadežda Dawletowa mynasyp boldular.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumyň çözgüdi boýunça türkmen we nemes halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky giň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, ylmy meseleler babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşan uly şahsy goşantlary üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýatlary - priwat-dosent, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Mýunheniň Lýudwig Maksimilian adyndaky uniwersitetiniň uly lukmany jenap Andreas W.Flemmer, şeýle hem priwat-dosent, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, şol uniwersitetiň klinikasynyň direktorynyň orunbasary jenap Uwe Hazbargen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ada mynasyp boldular.

Germaniýaly lukman alymlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösýändigine, şeýle hem ýurdumyzyň bu möhüm ulgamda gazanýan uly üstünliklerine haýran galýandyklaryny beýan edip, türkmen tarapyna özleriniň zähmetine ýokary baha berlendigi hem-de ýurdumyzyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biriniň professorynyň adyna eýe bolmak hormaty, şeýle hem bu ulgamda türkmen-german hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdiler.

Dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylar mähriban halkymyzyň abadançylygy we saglygy barada ýadawsyz aladasy, ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň ýokary hilli hem-de elýeterli lukmançylyk hyzmatlaryny we kömegini almak üçin döredilen ajaýyp mümkinçilikler, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ulgamda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda geçirilýän toplumlaýyn çäreler we netijeli işlemek boýunça döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän, iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerini hödürleýän döwrebap hassahanalar gurulýar. Welaýatlaryň ählisinde eýýäm ýüzlerçe täze, ýokary tehnologiýaly saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berildi. Olarda köpsanly ýokary hünärli lukmanlar halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekýärler. Her ýyl biziň ýurdumyzda saglygy goraýyş – keselleriň öňüni alyş merkezleri, syýahatçylyk zolaklary hem-de dynç alyş öýleri gurulýar we öňden bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary hem-de parasatly ýolbaşçylygy boýunça saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda geçirilýän toplumlaýyn işleriň netijesinde mümkin boldy.

Ýygnananlar milli Liderimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça öz öňlerinde goýlan giň möçberli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Umuman, bu çäre hakyky baýramçylyk dabarasyna öwrüldi. Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hünär babatda gymmatly tejribe alyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilik aldylar.