Ï Çagalar üçin okuw-sagaldyş merkezi gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar üçin okuw-sagaldyş merkezi gurulýar

view-icon 614
Balkan welaýatynyň administratiw merkezinde häzirkizaman ýöriteleşdirilen mekdep-internaty gurulýar. Bu okuw merkezi mekdep ýaşyna çenli we mekdep ýaşly çagalar üçinözboluşly dikeldiş merkezi bolup, bu ýerde çagalaryň saglygyny doly bejertmäge we okuw-terbiýeçilik işini geçirmäge ähli şertler dörediler.

Mekdep-internaty ýurdumyzyň günbatar sebtinde eýýäm özüni tanadan «Hilal Mermer» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurýar.

Taslamada biri-birine ýakyn gurlan durmuş maksatly binalaryň gurluşygy göz öňünde tutulan. Olaryň ählisi gerekli tehniki enjamlary, sowadyş ulgamy bilen üpjün ediler. Okuw – terbiýeçilik işlerinde çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmekleri häzirki zaman interaktiw serişdeleriň kömegi bilen amatly gurnalan okuw otaglarynda amala aşyrylar.

Bu mekdep-internaty mekdebe çenli çagalaryň we mekdep ýaşly çagalaryň welaýatdaky ilkinji döwlet üpjünçiligindäki internaty bolar.