Şu gün paýtagtymyzda öz zähmetini ýeňil bolmadyk we örän jogapkärli işe, jemgyýetimiz we her bir ynsan üçin zerur bolan wezipä bagyş edýän adamlaryň – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi.
Şu günler ýurdumyzda öz ykbalyny adamlara sagdyn durmuşy we saglygy bagyş etmek ýaly örän asylly hem-de ynsanperwer hünäre baglan adamlar sarpalanylýar. Lukmanyň käri diňe bir ýokary hünär ussatlygyny däl-de, ruhy dünýäňi, duýgudaşlygy hem-de rehimdarlygy talap edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine iberen gutlagynda häzirki wagtda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça iri möçberli işler amala aşyrylýar, ugurdaş döwlet maksatnamalary we beýleki maksatnamalaýyn taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, pudagyň ähli düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Bu işleriň ählisi ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýlip bellenilýär.
“Halkymyzyň saglygy biziň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikleriniň we ýeten sepgitleriniň girewidir” diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli sebit merkezlerinde lukmanlaryň hünär baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň tutuş toplumy geçirildi we olaryň esasy gahrymanlary ak ýektaýly adamlar boldy. Biz olara tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerimizi, sarpamyzy we hormatymyzy beýan edýäris. Olaryň duýgudaş ýürekleri, ýeňil elleri, hünäre wepalylygy üçin hormat – sarpa goýýarys. Şu baýramçylyk gününde lukmanlara, alym lukmanlara, şepagat uýalaryna we bu örän möhüm pudagyň ähli işgärlerine jan saglyk baradaky iň gowy arzuwlar edilýär. Saglygy goraýyş gullugynyň baýry işgärlerine olaryň köpýyllyk, ak ýürekli zähmeti, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin aýratyn hoşallyk sözleri aýdylýar.
Şu gün agşam Milli garaşsyzlyk seýilgähindäki “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, belli aýdymçylarynyň we meşhur artistleriniň, tans hem-de folklor toparlarynyň uly konserti boldy. Oňa paýtagtymzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tomaşa etdiler. Saglygy goraýyş pudagynyň işgärleri, şeýle hem olaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşan hem-de şu ajaýyp baýramçylyga gatnaşmak üçin türkmenistana ýörite gelen daşary ýurtly kärdeşleri bu dabaraly çäräniň iň hormatly myhmanlary boldular.
“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygy ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem bellenip geçildi. Şu gün agşam Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäreler ähli sebitlerde ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreler Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýat merkezleriniň baş meýdançalarynda guraldy. Olarda aýdymçy-sazandalar we tansçylar tomaşaçylary halk we häzirki zaman aýdymlary, tanslary, folklor çykyşlary bilen begendirdiler.
Mundan başga-da, baýramçylyk hepdeliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatynyň uly ähmiýetiniň subutnamasy bolan beýleki çäreler hem guraldy. Halkara ylmy maslahatlaryny, saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyny we düýbüniň tutulyşyny hem öz içine alan iri çäreleriniň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň her birimiziň jan saglykda we bagtly durmuşda ýaşamagymyzy üpjün etmäge çagyryşdyr.