Mary welaýatynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Murgap köçesiniň ugrunda dört gatly, hersi 24 öýli ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi gurulýar. Bu jaýlary özleriniň taslama-konstruktor bölüminiň taslamasy esasynda “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy gurýar. Mäkäm demirbetondan gurnalan karkaslar eýýäm taslama belligine ýetirilip, gurluşykçylar kerpiç germewleri örmekligi tamamlaýarlar we ýakyn wagtda timarlaýyş-bezeg işlerine geçerler.
2,3 we 4 otagly öýleriň beýik potoloklary bolar. Özüne oturdulan mebelleri we durmuş enjamlary bolan giň aşhanalary, jaýlaryň oňaýly ýerleşdirilişi raýatlaryň arkaýyn ýaşamaklary üçin zerurdyr. Bu ýerde her hojalyk üçin kömekçi hojalyk jaýlary hem ýerleşer. Jaýa ýanaşyk ýerlerde çagalar oýnamak üçin meýdançalar, birnäçe sport meýdançalary, onlarça ulaga niýetlenen awtoduralga ýerleşdirmeklik niýetlenen.
Şu ýylyň fewral aýynda bu üç jaýyň düýbi tutulanda, bu hususy gurluşyk kärhananyň guran edil şunuň ýaly üç sany jaýy dabaraly açylyp, ulanylmaga berildi. Şäheriň bu böleginde ýaşaýyş jaýlardan başga durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy hem alnyp barylýar.
Maryda köp gurluşyklar alnyp barylýar. Ýakynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde Bagt köşgi, 350 orunlyk myhmanhana, Gündogar bazary, 365 orunlyk sport mekdebi gurlup ulanmaga berler. Şäheriň köçeleriniň durkuny täzelemek işleri, jaýlaryň we binalaryň ýüz tarapyny abatlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.