Ï Lebabyň esasy kitaphanasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebabyň esasy kitaphanasy

view-icon 662
Türkmenabatda welaýat kitaphanasynyň binasy gurulýar. Lebabyň esasy „Kitaplar öýi“ üç gümmezli ak mermere beslenen köşk bolup, olaryň birinde obserwatoriýa ýerleşer.

Medeniýetiň iri binasy Amyderýadaky şäheriň esasy Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda gurulýar. Bu bina ýanaşyk meýdany bilen alanyňda umumy 2 gektar ýer tutar. Kitaplar saklanýan jaý 1 million kitaba niýetlenendir. Biriniji we ikinji gatda zerur neşirleri sargyt edip bolar. Bu ýerde tematiki okalgalar, kompýuter we internet zallary, arhiw, kafe, gulluk we kömekçi jaýlar ýerleşer. Üçünji gatda 250 orunlyk maslahat jaýy, astronawtika muzeýi we obserwatoriýa (binanyň merkezindäki teleskoply gümmez açylýan bolar)

Kitaphananyň garaşsyz transformator postansiýasy, kotelnysy , sorujysy, merkezleşdirilen sowadyş ulgamy, açyk we ýapyk duralgalary bolar. Agşam çagy kitaphananyň meýdançalaryny özboluşly yşyklandyryjylar bezär. Bu ýerde baglar we güller ekiler. Ýan ýodalar bezegli daşlar bilen örtüler.

Binanyň gurluşygyny ýerli gurluşyk kärhanalary alyp barýar. Gurluşygyň fundamentiniň üstündäki galňadylan böleginde we fundamentinde demir-beton işleri tutuş tamamlandy. Işler birinji gatda dowam edýär. Haçanda armaturaçy we galypçy toparlary işi ýokary gatlarda başlandan soň bezegçiler olaryň yzyndan işini doam ederler. Bu bina 2014-nji ýylyň dekabrynda tamamlanyp ulanylmaga berler.

Bu bina Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň we taryhy şahslaryň heýkelleri bolan şäheriň uly baýdakly Baş meýdançasynyň golaýynda ýerleşýändigi bu ajaýyp binagärlik ansambly Türkmenabadyň merkezini bezeýär.