Ï Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary

view-icon 665
Şu gün Gökdepe etrabynyň dolandyryş merkezinde welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gurlan 140 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.

Iki gatly täze desgada çagalar bagynyň körpeleriniň özlerini öýde ýaly duýmagy, wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Suwa düşülýän we egin-eşik çalşyrylýan ýerleri bolan ýüzülýän howuzlar çagalaryň aýratyn göwnünden turýar, olaryň biri suwda ýüzmegi ýylyň bütin dowamynda geçirmek üçin binanyň içinde ýerleşýär, iki sany howuz bolsa howluda gurlupdyr.

Mundan başga hem howluda üsti ýapyk telärleriň we eýwanlaryň ýanynda, çagalar bagynyň ýaş toparlarynyň sekizisi üçin typançaklar bolan oýun- oýnalýan meýdançalarda çagalar ertekileriniň söýgüli gahrymanlary, dürli jandarlaryň ajaýyp şekiljikleri oturdylypdyr.

Çagalar bagynyň esasy binasynda oýun oýnamak, okatmak we dynç almak üçin otaglar ýerleşýär, naharhana we ýatylýan otaglar dürli çagalar mebelleri bilen enjamlaşdyrypdyr. Olaryň içerki bezegi ekologiýa taýdan arassa timarlaýyş materiallaryny oýlanyşykly peýdalanmak bilen utgaşýar. Taslamany düzüjiler bu ýerde çagalar üçin aýratyn hem gyş wagtlary howanyň göwnejaý ýagdaýy saklanýan utgaşdyrylan ulgamy, ýagny ýylatmagyň split ulgamy we suw batareýalary hem ulanyp, goşmaça gyzdyrylýan ýyly pollary düşäpdirler.

Çagalaryň sazlaşykly ösmegi we olary mekdebe taýýarlamak üçin lingafon, kompýuter synp otaglary, aýdym-saz otagy we köp ugurly sport zaly bar.

bagynyň dabaraly açylyşynyň barşynda minnetdar çagalar we mähriban Watanymyzy şöhratlandyrýan aýdym-sazlary we tanslary ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren döredijilik toparlary çykyş etdiler. Olara dabara gatnaşyjylar bolan welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçiligiň wekilleri, şäheriň ýaşaýjylary, şeýle hem gurluşyk kärhanasynyň işgärleri el çarpdylar, tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesil hakynda döwletimiziň aýratyn alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirip, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň düzümlerini kämilleşdirmek, olary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belen talaplarynyň derejesine çykarmak boýunça giň möçberli, belli bir maksatly maksatnamalaryň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.