Ï Daşoguz şäheriniň merkezi “Daýhan” bazarynda ýangyn döräp, ol gyssagly görlen çäreler netijesinde gysga wagtyň içinde öçürildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz şäheriniň merkezi “Daýhan” bazarynda ýangyn döräp, ol gyssagly görlen çäreler netijesinde gysga wagtyň içinde öçürildi

view-icon 704
6-njy awgustda Daşoguz şäheriniň merkezi “Daýhan” bazarynda ýangyn döräp, ol gyssagly görlen çäreler netijesinde gysga wagtyň içinde öçürildi. Heläkçilige sezewar bolan ýok. Şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ministrlikleriň, edaralaryň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýolbaşçylaryna yssy howanyň şertlerinde ýangyna garşy goraglylygy we bu babatda işleriň ýagdaýyna ýolbaşçylaryň şahsy jogapkärçiligini üpjün etmek boýunça bildirýän talaplarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi üçin goşmaça çäreler görüldi.

***

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň bazarlarynyň ýagdaýyna we bazarlarda ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Abaýew Baýar Gaýypowiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.