Ï Türkmenistanlylar Artekde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanlylar Artekde

view-icon 589
Türkmen topary “Dünýäni gowluga tarap özgerderis” ady bilen Ukrainada “Artek” Halkara çagalar merkezinde geçirilen 12-nji Halkara çagalar festiwalyna gatnaşdy. Bu festiwala dünýäniň altmyşdan gowrak ýurdundan ýedi ýüz çaga gatnaşdy. Türkmenistandan bu foruma BAE Prezidenti şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky “Döwletliler” köşgüniň döredijilik taýdan zehinli, okuwda we sportda üstüklik gazanýan okuwçylar topary gatnaşdy.


“Dünýäni gowlyga tarap özgerderis” ady bilen geçirilýän bu halkara festiwaly 2001-nji ýylda Ukrainanyň Prezidenti tarapyndan esaslandyrylan Bütinukraina ýagşylyk we ynam haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan döredildi. Şu ýylyň tomsunda frstiwalyň maksatnamasyna ÝHHG “Biz köplük – ine şunda hem biziň baýlygymyz, biz bilelikde – ine şunda hem biziň güýjümiz” atly çagalar-ýaşlar sammiti goşuldy.

Däp bolup gelşi ýaly, dabaraly çäreler gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň galdyrylmagy esasynda nobatma-nobat geçdiler. Biziň ýurdumyzyň baş nyşany 22-nji iýulda Täjigistanyň, Gazagystanyň, Litwanyň, Ýegipetiň we Mozambigiň baýdaklary bilen bir hatarda “Artegiň” depesinde parlady. Şol gün hem etnografiki ýarmarkasy öz işine başlady. Bu ýerde adaty milli senetçiligigiň nusgalaryny Türkmenistanyň ekspoziisýasy görkezdi. Ýaş artistleriň çykyşlary, köp sanly bäsleşikler baýramçylygyň täsirini has-da artdyrdy. Türkmen çagalary Krymyň gözel ýerlerine birnäçe syýahatlary etdiler we ondan uly täsirleri aldylar. Iki hepdä golaý dowam eden “Artek” çagalar festiwaly ähli wekilýetiň gatnaşmagynda geçirilen konsrt bilen tamamlandy.

Paýtagtyň “Döwletliler” köşgüniň okuwçylary ýurda gaýdyp gelenlerinden soňra olara “Awazada” gyzykly dynç alyş garaşýar. Olar 14-nji awgustda “Arzuw” dynç alyş sagaldyş merkezinde on günläp dynç alarlar.