Ï Pudagara toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pudagara toparyň mejlisi

view-icon 641
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň alty aýynda toparyň alyp baran işiniň netijelerini jemlemek, geljekki meýilnamalary kesgitlemek ýaly meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe hemişelik hereket edýän maslahat beriji pudagara edarasy bolup durýan topar tarapyndan türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup we esasy halkara konwensiýalaryna, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalara goşulmak bilen, Türkmenistan bu möhüm resminamalaryň düzgünnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça anyk ädimler ädýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça toplumlaýyn hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýdyň mysal bolup hyzmat edýär. Onuň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny we halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini hasaba almak arkaly milli kanunçykaryjylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.

Mejlisiň gün tertibine şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararlary bilen tassyklanan “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň” hem-de “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň meseleleri goşuldy. Nygtalyşy ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak arkaly taýýarlanan bu möhüm resminamalaryň kabul edilmegi, ýurdumyzyň bu ulgamdaky degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy - UNISEF bilen bilelikde durmuşa geçirýän işleri türkmen döwletiniň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýokarda ady agzalan maksatnamalaryň esasy wezipesi ýaş nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, milli we umumyadamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda ýaş türkmenistanlylary terbiýelemek bolup durýar. Bu möhüm resminamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz suratda, beden taýdan sagdyn, ruhy we aň-bilim taýdan ösen nesilleriň terbiýelenmegine, maşgala institutynyň pugtalanmagyna, şeýle hem biziň ýurdumyzda ýuwenal ýustisiýanyň kämilleşmegine ýardam eder.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy ulgamynda halkara ynsanperwer hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryny ornaşdyrmak boýunça Işçi toparynyň ýerine ýetiren işleri baradaky maglumatlar diňlenildi, birnäçe beýleki meselelere garaldy.