Ï “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 713
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň çärýekde bir gezek çykýan ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän bu žurnal biziň ýurdumyzda giňden bellenilýän we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni-- Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýeti mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýüzlenmesi bilen açylýar.


Žurnalda hödürlenýän materiallaryň arasynda “Türkmenistanda derňew we kazyýet iş ýöredişiniň hukuk binýadynyň kämilleşdirilişi” atly makalany bellemek zerurdyr. Onuň awtory kanunçylygyň özgerdilmegi we onuň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegi halkyň bagtyýar geljeginiň, erkin we parahatçylykly durmuşynyň hukuk kepili bolup durýar we ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriniň möhüm ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar diýip belleýär.

“Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň köpugurlylygy” atly makala milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanypdyr. Onda halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy üçin kesgitlenen şertleriň zerurdygy barada aýdylýar. Hususan-da, awtor şeýle şertleriň hatarynda halkyň mentalitetiniň, milli demokraiýanyň aýratynlyklarynyň, jemgyýetçilik aň-düşünjesiniň derejesiniň, ösüşiň özboluly ýolunyň, hemişelik bitaraplygyň hukuk derejesiniň, özgertmeleriň durmuş häsiýeti, dünýä tejribesini peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň bardygyny belleýär.

Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş, şeýle hem adam hukuklary baradaky Ählumumy jarnamada bellenilen demokratik hukuklaryň we azatlyklaryny esaslarynyň ykrar edilmegi we olara hormat goýmak türkmen döwletiniň içeri we daşary syýsatynyň baş ugry bolup durýar, BMG-niň, ÝHHG-nyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan adam hukuklary baradaky esasy halkara namalaryny ykrar etdi we öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda hukuk ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu jähetden Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ähli düzüm bölekleri, şol sanda BMG-niň Çagalar Gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini bellemeli.

Şunuň bilen baglylykda, žurnalda şol guramanyň biziň ýurdumyzdaky wekili Oýýunsaýhan Dendewnorowyň “Türkmenistanda çaganyň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandarymak” atly makalasy berilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy bilen türkmen döwletiniň arasyndaky çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary biziň ýurdumyzda uzakmöhellenýin we netijeli häsiýete eýedir hem-de saglygy goraýyş, bilim we beýlekiler ýaly durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ugur edinýär.

Şeýle hem žurnalda ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny özgertmek bilen baglanyşykly birnäçe makalalar ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamy kämilleşdirmegiň möhüm wezipeleriniň biri umumy, hünärment we ýokary bilim ulgamynyň täze bitewi ugry emele getirmek bolup durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamy halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidir. Munuň özi pudagyň dünýäniň bilim ulgamyna sazlaşykly goşulmagyny şertlendirer. Makalalaryň awtorlary häzirki döwürde Türkmenistanda okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ony döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, okatmagyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň önümçilige işjeň ornaşdyrylýandygyny, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulýandygyny belleýärler.

“Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda adam hukuklarynyň kepillendirilişi” we “Konstitusion hukuklary amala aşyrmakda ýuridiki kömegiň ähmiýeti” atly giňişleýin makalalar hünärmenler üçin gyzykly bolar. Žurnalyň “Senenama” bölümi neşiriň jemini jemleýär. Onda abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar barada gürrüň berilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň hukukçylarynyň bu ulgamdaky dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek maksady bilen dünýäniň dürli ýurtlaryna guran iş saparlarynyň jemlerine syn berilýär.

Žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edildi.