"Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary" atly neşiriň 6-njy kitaby çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ösüşiniň taryhy eýýamy bolan - Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basmagy bilen şöhratlanan 2012-nji ýylda bolup geçen möhüm wakalara toplumlaýyn syn berilýär. Geçen ýylda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda jemgyýetiň ykdysady, aň-bilm we we ruhy mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak arkaly beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urup, milli-döwlet gurluşynyň ähli ugurlarynda oňyn netijeleri gazandy.
Döwlet Baştutanymyzyň neşiriň mazmunyny anyk we doly beýan edýän sözleri kitabyň nobatdaky neşiriniň girişini emele getirdi:
Hormatly Prezidentimiziň "Biz 2012-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan ähli meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigine tüýs ýürekden buýsanýarys. Öňde bize uly wezipeler garaşýar. Ýurdumyzy dünýäniň in ösen döwletleriniň hataryna çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň üstünlikli berjaý edilmegi şolara baglydyr. Şonuň üçin hem türkmen halky umumy maksadyň töwereginde has-da ykjam jebisleşip, tutanýerli zähmet çekmelidir, işe döredijilikli çemeleşip, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary netijeli peýdalanmalydyr" diýen sözleri kitabyň girişini düzýär.
Anyk maglumatlar esasynda ýazylan "Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň üçünji onýyllygyna gadam urmak bilen" atly makalada özygtyýarly bitarap döwletimiziň täze taryhy ösüşi jikme-jik seljerilýär. Şeýle hem bu bölümde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan düýpli özgertmeleriniň aýratynlyklaryna syn berilýär we ýurdumyzyň demokratik, ykdysady we medeni-durmuş ösüşiniň görkezijileri, durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelerrň anyk netijeleri görkezilýär. Makalada bellenilişi ýaly, milletiň agzybirligi we öz Lideriniň töwereginde jebisleşmegi, onuň uzakdan görüjilikli we oýlanyşykly syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, jemgyýetiň ruhy taýdan bitewiligi ýurda täze taryhy eýýamyň beýik maksatlaryna tarap hemmetaraplaýyn gülläp ösmegiň we ählumumy abadançylygyň ýoly bilen kuwwatly böküş etmegine mümkinçilik berdi.
Şeýle hem kitapda Türkmenistanyň häzirki döwürde ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugruly we netijeli işi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönüklirilen milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdyrýan makalalar okyjylar köpçüligine hödürelýnär. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýaşulular maslahatynyň mejlsileri, hormatly Prezidentimiziň sebitlere daşary ýurtlara guraýan iş saparlary, şeýle hem myhmansöýer türkmen topragynda geçirilen ýokary derejedäki işewür duşuşyklar we gepleşikler yzygiderli tertipde berilýär. Mundan başga-da, neşiriň sahypalaynda milli Liderimiziň geçiren wideoşekilli we beýleki iş maslahatlary, kabul eden kararlary, permanlary we buýruklary barada gysgaça maglumat berilýär.
Şeýle hem kitapda milli aňyýetiň kemala gelmegine, türkmen halkynyň bilim we ruhy medeniýetiniň derejesiniň ýokarlanmagyna, ýurduň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagy şertlerinde onuň öz gelip çykyşyny, ýaşaýyş durmuşyny we däp-dessurlaryny, beýik ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapypdyr.
Neşiriň maglumatlara baýdygy we wakalaryň hem-de faktlaryň takyk beýan edilmegi onuň häsiýetli aýratynlygydyr. Ol okyjylara geçen ýylyň wakalarynyň möçberlerine baha bermäge, döwlet Baştutanymyzyň ýurduň ykdysady mümkinçilikleriniň has-da artdyrylmagyna, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna we onuň ruhy gymmatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň düýp mazmunyna has doly düşünmäge mümkinçilik berýär.
Neşir publisistik häsýietde bolmak bilen, onuň ägirt uly aň-bilim ähmiýeti aýdyň görünýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwiniň hünärmenleri tarapyndan çapa taýýarlanylan we türkmen we rus dillerinde neşir edilen “Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylarynyň” 6-njy goýberilişi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýünde neşir edildi. Kitap ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, aspirantlar, taryhçy-ülkäni öwrenijiler, syýasatşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we Türkmenistanyň häzirki zaman durmuşa bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir.