Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň binasynda etrap halk maslahatlarynyň birnäçesinde geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça mejlis boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparyň ýanynda döredilen işçi toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň saýlaw toparlarynyň wekilleriniň Aşgabat şäheriniň täze döredilen Abadan we Ruhabat etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň, şeýle hem Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 18-nji awgustda geçirilen saýlawlarynyň jemleri baradaky habarlary maglumat hökmünde kabul edildi. Bu saýlawlar giň bäsleşik esasynda açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi.
Türkmen jemgyýetiniň durmuşynda boljak beýleki möhüm syýasy waka – 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň saýlawlaryny geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda geçirilmegi meýilleşdirilýän Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işleri Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň şu gün geçirilen mejlisinde garalan möhüm meseleleriň biri boldy. Onda bu saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda iş meýilnamasy tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Demokrtaik partiýasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Onda milli Liderimiz demoktratik özgertmeleriň ilerlemeginiň uly ähmiýeti barada aýtdy. Saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegi, wekilçilikli häkimiýet edaralaryna bäsleşikli esasda saýlawlaryň geçirilmegi, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegi bu maksatlara gönükdirilendir.
Şeýle hem mejlisde beýleki guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.