Türkmen döwletiniň üstünlikli ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly, döwrüň talabyna laýyk gelýän ulag düzümini döretmek häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tarapyndan häzir hereket edýän awtomobil we demir ýollarynyň durkuny täzelemek, döwrebaplaşdyrmak we olaryň täzelerini gurmak, şeýle hem demir ýollaryň täze ugruny kemala getirmek boýunça giň möçberli başlangyçlar öňe sürüldi we olar üstünikli durmuşa geçirilýär.
“Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň uly mümkinçiliklerini, şeýle hem Ýakyn we Orta Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykmagyň geljegini nazara alanyňda, Türkmenistanyň ulag düzüminiň şol ugurlaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýratyn bellemeli.
Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşişini nazara alanyňda, Türkmenistanyň ulag düzüminiň häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyk derejede ösdürilmegi döwrüň baş talabydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ulag ýollarynyň gerimini giňeltmek, oňa degişli düzümleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyz gadymy döwürlerden bäri sebitiň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir we wajyp halkara ulag ulgamy hökmünde biziň günlerimizde onuň ähmiýeti has-da artdy. Halkara demir ýol gatnawlaryny pugtalandyrmakdan başga-da, täze polat ýollar we olaryň ozal hereket edýänleri ýurdumyzyň sebitleriniň okgunly ösüşini we ilata edilýän hyzmatyň medeniýetiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.
Soňky ýyllarda ep-esli giňelen Türkmenistanyň demir ýol ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzda täze giň möçberli ulag-aragatnaşyk taslamalary durmuşa geçirilýär.
Şunuň ýaly giň möçberli işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ulag ýollarynda ýola goýulýan hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, olardaky hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlanldyrmak häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji awgustynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň aragatnaşyk we telekommunikasiýa, degişli pudaklaýyn düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda ýola goýulýan hyzmatdaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça maksada laýyk işleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda ulag düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary derejesine, olaryň halkara ülňülerine laýyk gelmegine aýratyn ünsi çekdi.
Ulag toplumyny ösdürmegiň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz demir ýol ulaglary düzümlerinde ýolagçylara hyzmat etmek işleriniň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýtdy. Tomusky dynç alyş möwsüminde ýolagçylaryň gitjek ugurlaryna bökdençsiz gitmeklerini üpjün edýän şertleriň döredilmeýändigini, köplenç halatda petekleriň ýetmeýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak we onuň netijeliligini artdyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň ulag düzümlerinde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan gelip çykýan anyk wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olaryň ugurlary kesgitlenildi. Şeýlelikde, ýüze çykarylan kemçilikleriň günübirin düzedilmegini şertlendirýän anyk çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we olar boýunça birnäçe işler alnyp baryldy.
Öňi bilen halkymyzyň uly isleg bildirýän ugurlaryna gatnaýan ýolagçy otlularyna goşmaça wagonlary tirkemek ýola goýuldy. Şunlukda, şol ugurlar boýunça gatnaýan ýolagçy otlularynda goşmaça orunlaryň 192-si döredildi. Mundan başga-da, Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawy amala aşyrýan täze otly hereket edip başlady. Ol her hepdäniň täk günlerinde Türkmenbaşa, jübüt günlerinde olsa Türkmenbaşydan Aşgabada gatnaýar.
Mundan başga-a, Aşgabat-Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz, Aşgabat-Türkmenabat ugurlary boýunça awtobus gatnawy ýola goýuldy. Ýeri gelende aýtsak, 45 orunlyk awtobuslar dünýäniň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tehnikalary bolmak bilen, onda ýolagçylar üçin ähli zerur amatlyklar üpjün edilipdir. Munuň özi bellenilen ugurlar boýunça ýolagçylaryň islän ýerlerine bökdençsiz gidip bilmeklerini şertlendirýän oňaýly mümkinçilikdir. Şunuň ýaly toplumlaýyn we maksatnamalaýyn düzülen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi bökdençsiz ýolagçy gatnatmagy üpjün etmekde birnäçe oňaýlyklary döretdi. Häzirki döwürde demir ýol menzillerinde we ýolagçy terminallarynda petek satýan bölümlerde hiç hili nobatyň ýokdugyny, islän ugruň boýunça petekleri bökdençsiz satyn alyp bolýandygyny aýratyn bellemeli. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň günübirin ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şu jähetden ulaglar düzüminiň işine yzygiderli gözegçilik etmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn birnýadyny pugtalandyrmak, onuň işini kämilleşdirmek, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalýayn çäreler işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, ýüze çykýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak babatda ozal berlen tabşyryklaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär.
1-nji sentýabrda türkmen paýtagtynda Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagy boýunça Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan häzirki zaman köp derejeli awtoulag duralgalarynyň bir bada üçüsiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy awtoulag pudagynda ilata döwlet tarapyndan edilýän aladanyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Alty gatdan ybarat bolan bu ak mermerli desgalar güri ilatly Parahat-1 we Parahat-2 ýaşaýyş jaý toplumlarynyň çäklerinde bina edildi.
Awtoduralgalaryň her birinde aýlaw görnüşindäki hereket ýola goýlandyr. Olaryň birinji gatlarynda awtoussahanalar ýerleşdirilip, awtoulag serişdelerini ýuwyjy jaýlar olara birleşýär. Awtoduralgalaryň gije-gündiz işlediljekdigi göz öňünde tutulyp, olaryň diwarlary we sütünleri şöhlelendiriş aýnalary hem-de desganyň içindäki hereket howpsuzlygyna gözegçilik edmek üçin synlaýyş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Täze binalarda howany çalyşmak we howa arassalaýyş ýörite ulgamlary göz öňünde tutulandyr. Wideogözegçilik enjamlary awtoulag serişdeleriniň awtoduralgalara giriş we çykyş howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer.
Çünki munuň özi biziň ýurdumyzda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen adamlaryň eşreti, olara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin ägirt uly işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny aňladýar. Adamlar hakdaky aladany ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlän döwlet syýasatymyz netijesinde bu babatda mundan beýläk-de oňat işleriň bitiriljekdigi şübhesizdir.