Ï Täze üstünlikleriň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze üstünlikleriň ýolunda

view-icon 969
Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň ýanynda Işewür zenanlar merkezi döredildi. Maliýe-ykdysady ulgamda işleýän telekeçilik işi bilen meşgullanýan bu jemgyýetçilik guramasynyň işewür zenanlary ony döretmek başlangyjy bilen çykyş etdiler.Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşiginiň agzasy, telekeçilik ugrunda ýigrimi ýyldan gowrak tejribesi bolan Aýbölek Pollyýewa bu Merkeziň başlyklygyna saýlandy.

Merkeziň işinde her-hili formal garaýyşlar bolmaz diýiň, işewürler nygtaýarlar. Merkez hakyndaky düzgünnama laýyklykda, onuň işi demokratik esaslarynda guralar. Telekeçilik ulgamynda işleýän zenanlar, täjirçilik we täjirçilik däl gurluşlaryň ýolbaşçylary, mebejerler we ýokary we orta gürpdäki dolandyryjylar, firmalaryň we guramalaryň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna gatnaşýan zenanlar bu Merkeziň agzasy bolup bilerler.

Işewürler zenanlara özleriniň telekeçilik işini guramak ysleýänlere maslahat beriş, metodiki, psihologiki we beýleki kömekleri bermegi; telekeçiligi alyp barmagyň öňdebaryjy usullaryny öwretmegi, telekeçilik işini alyp barmak meselelerinde zenanlara hukuk taýdan, maşgala, raýatlyk we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyklarynda goldaw bermegi, döwlet guramalarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde we guramalarynda, ýerli dolandyryş guramalarynda, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän Merkeziň agzalaryny goramaklygy we olaryň tarapdary bolup çykyş etmegi, işe girmäge ýardam bermegi we bilim derejelerini ýokarlandyrmagy; maglumatlary alyşmak maksady bilen yzygiderli duşuşyklary geçirmegi, telekeçi zenanlary gyzyklandyrýan meseleler boýunça maglumatlary işjeň alyşmagy meýilleşdirýärler. Iň gowy täjir-zenan diýen bäsleşik telekeçi zenanlar üçin häweslendiriji çäre bolar.

Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine geçmek doly göwrümde alnyp barylýar, hususy bölegiň ähmiýeti ýokarlanýar. Şunlukda, 2013-nji ýylyň iýul aýynyň maglumatlaryna görä Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýylyň başyndan bäri haryt dolanyşygy 127 göterim artdy, ilata edilen hyzmatyň möçberi – 74,6 göterim artdy. Jemgyýet we döwlet zenanlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we jemgyýetçilik işlerine işeňňirlik gatnaşmaklary üçin örän uly mümkinçilikleri döredýärler.